Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek baradaky tagallalaryndan ruhlanan Mary welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri gowaçaly meýdanlarda belent sepgide ýetmek ugrunda gujurly zähmet çekýärler.
Mary welaýaty boýunça şu ýyl 162 müň gektarda gowaçanyň welaýatyň toprak we howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi. Gowaçalara hatarara bejergi işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň telekeçileri oba hojalyk ulgamyna has işjeň çekmek baradaky tabşyryklaryny özlerine ýörelge edinip Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölümi oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçilere uly goldaw berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti bolsa bu ulgamda zähmet çekýän telekeçileriň ekin meýdanlaryna baryp, oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyklary geçirip, öňdebaryjy işgärlere sowgat gowşurmak bilen has höwesli işlemeklerine ruhlandyrýar. Olaryň ene topraga yhlasly hyzmat etmekleri, telekeçilere döredilýän ýeňillikler, döwlet tarapyndan berilýän goldawlar barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Welaýatyň ekerançylyk ýerlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşmak, oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmek maksady bilen, «Rysgal-berekediň we bolçulygyň mekany» atly geçirilen duşuşyga gatnaşanlara hem ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde geçirilýän çäreler welaýatda gymmatly çig mal baýlygymyz bolan «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň has ýokary netijelere eýe bolmagyna itergi berer.