Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhuna beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhuna beslenýär

view-icon 64

camera-icon
Andreý Pakulow

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň häzirki möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän raýatlaryň sany has artýar. Olar dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen meşhur zolagyň dynç alyş we sagaldyş binalarynda, kottej toplumlarynda, seýilgählerinde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil derejesinde döredilen döwrebap amatlyklardan peýdalanyp, bu jenneti künjegiň täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alýarlar. Şeýle-de dynç alýan raýatlar deňziň kenar ýakalarynda gyzykly gezelençler etmegi has-da gowy görýärler. Çünki, deňziň ekologiýa taýdan arassa, jana şypa beriji, hoştap howasy bu ýerdäki dynç alşyň egsilmez höziri hasaplanylýar.

Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň eziz Diýarymyzyň beýleki sebitlerindäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinden häsiýetli aýratynlygy sapaly, şypaly deňiz ýakasynda ýerleşýänligidir. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen raýatlar dynç alýarlar.

Bu täsin künjekdäki dürli derejeli myhmanhanalar, kottej toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri hem-de «Awaza» şypahanasy bu ýere wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmäge, saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlary mähir bilen garşylap, olaryň arzyly isleglerine görä ajaýyp hyzmatlary guraýarlar. Çagalaryň arasynda guralýan zehin, döredijilik bäsleşikleriniň, medeni-sport çäreleriň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhunam ajaýyp zolagyň çar künjegini gurşap alýar.

Şeýle gyzykly, täsirli çäreler ýurdumyzyň sebitlerine degişli bolan Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde-de giň gerime eýe bolýar. Dürli dabaralardyr çäreler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Dynç alýan dürli ýaşdaky raýatlar «Awaza» akwoparkynda, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» attraksionly seýilgählerinde baý mazmunly gyzykly gezelençlerde bolýarlar. Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan owadan myhmanhanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň, ýaht klublaryň... çägindäki suwa düşülýän howuzlar, aýdym-saz, dynç alyş, sport ojaklary, Awazadaky owazlanyp asmana göterilýän Suw çüwdürimler toplumy, beýleki birgiden ajaýyp merkezler hem köpçüligiň arzyly ýerlerine öwrüldi.

Hazaryň giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda dürli gämileriň, gaýyklaryň, katamaranlaryň hereketi aýdym-sazly çykyşlaryň şowhuny bilen utgaşyp, alyslara ýaň salýar. Gyzykly dynç alyşlaryň dowamynda welosipedli gezelenje çykyp, Awazanyň gözel ýerlerine seýran edýänleriň hataram barha artýar.

«Awaza» derýasynyň kenarynda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» muzeýi hem çagalardyr ulularyň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýar. Muzeýde rejelenip goýlan dürli görnüşli gämi maketleri bolsa dünýäniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suw giňişliklerinde irki döwürlerde hereket eden ulaglaryň, şol sanda häzirkizaman gämileriň taryhyndan söz açýar. Elbetde, olar hakynda geçen asyrlara degişli taryhy ähmiýetli, geň-enaýy maglumatlary bilmek, öwrenmek dürli ýaşdaky, dürli kärdäki her bir adam üçinem gyzykly bolsa gerek.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglere laýyk derejede sapaly dynç almaga doly mümkinçilik berýär. Hut şoňa görä-de, wagtlaryny hoş geçirip, dynç alşyň hözirini görýän bagtyýar raýatlar Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edýärler.