Ï Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

view-icon 128
Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň suw hojalyk pudagyny ösdürmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Düýn Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar şu wezipelere ýetmäge gönükdirilendir. Şunda azyk bolçulygynyň binýadyny emele getirýän ekerançylyk ýerleriniň suw bilen kadaly üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki wagtda suwdan rejeli peýdalanmaga gönükdirilen işler esasynda suw hojalyk pudagy döwrebaplaşdyrylýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Bu asylly däp ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny, ekologik taýdan arassa suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Pudagyň tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna iri maliýe serişdeleri gönükdirilýär.

...Dabara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan suw göteriji bekediň ýanyna ýygnandylar. Şolaryň hatarynda oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary we hünärmenleri, etrabyň köp sanly ýaşaýjylary bar.

Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Suw hojalygynda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan çäreler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Dabaranyň dowamynda täze suw göteriji bekediň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Soňra suw göteriji bekediň binasynyň öňünde şowhunly el çarpyşmalar bilen toý bagy kesildi. Dabara gatnaşyjylar suw göteriji bekediň işleýiş aýratynlyklaryny görkezýän wideoşekillere tomaşa etdiler hem-de bu ýerde gurnalan döwrebap suw göteriji enjamlar bilen tanyşdylar.

Beketde Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň öndüren suw göteriji enjamlary ornaşdyrylypdyr. Suw göteriji bekediň kuwwaty 6 müň gektardan gowrak ekerançylyk ýerini suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Onuň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 39 müň 789 metr, şol sanda uzynlygy 26 müň 929 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 12 müň 860 metr bolan täze beton akabalar guruldy. Bekediň işinde ösen tehnologiýalaryň, şol sanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ähli işleri awtomatik ýagdaýda netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli täze awtoulaglar we döwrebap tehnikalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar sebitiň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan gidrotehniki desgany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

***

Açylyş dabarasy etrabyň çäginde täze gurlan beýleki bir suw göteriji bekediň çäginde dowam etdi. Bu iki suw göteriji bekediň sazlaşykly işi arkaly dag etek belentligindäki ekerançylyk ýerleri suw bilen bökdençsiz üpjün ediler.

Suw hojalygynyň döwrebap desgasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň esasylarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly ulanmak, ekerançylyk ýerleriniň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler halkara gün tertibinde hem aýratyn üns berilýän ugurlardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy suw hem-de ekologiýa meselelerini oňyn çözmek başlangyjy bilen yzygiderli çykyş edýär. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, dünýä ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biridir. Şunda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şatlyk-şowhunly ýagdaýda täze suw göteriji bekediň dolandyryş binasynyň toý bagy kesildi. Soňra dabara gatnaşyjylar döwrebap gidrotehniki desganyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Suw göteriji bekediň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 42 müň 74 metr, şol sanda uzynlygy 23 müň 659 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 18 müň 415 metrlik täze beton akabalar guruldy. Ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan taslamada suw hojalygynyň häzirki zaman enjamlary we usullary ornaşdyryldy. Gün panelleri tebigy şöhläni elektrik energiýasyna öwrüp, suwaryşda ulanylýan zerur enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Beketde suw sanly ulgam arkaly gerekli wagtda awtomatik usulda dolandyrylýan, suwarymly ýerler üçin zerur bolan gatlalar arkaly paýlanylýar.

Dabaranyň dowamynda suw göteriji bekediň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, täze desgalary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, goşmaça suw gorlaryny döretmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän yzygiderli aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

***

Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda gurlan suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň açylyş dabarasy hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Dabarada gutlag sözi bilen çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň, obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş, lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şoňa görä, degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar, iň täze enjamlar satyn alynýar. Şunda “Altyn asyr” Türkmen köli aýratyn ähmiýete eýedir. Bu çylşyrymly gidrotehniki desganyň gurulmagy ýurdumyzda ykdysady we durmuş wezipeleriniň, Türkmenistanda, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologik abadançylyk bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň suw hojalygynyň, şol sanda paýtagtymyzyň agyz suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna iri maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan döwrebap tehnologiýalar, nou-haular bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan gurlan, suw akymyny sazlaýjy-bekleýji täze, döwrebap desga paýtagtymyzyň hojalyk we agyz suw üpjünçilik derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ähmiýetli desgalar bina edilýär. Bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, işläp taýýarlamalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, inženerçilik desgalary doly döwrebaplaşdyrylýar.

Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Täze gidrotehniki desganyň kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda ähli işler awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar. Suw desgasynyň gatlalary elektromehaniki usulda açylyp-ýapylyp, suwa we onuň töweregindäki ýagdaýlara sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Mundan başga-da, degişli dispetçer nokady dizel-generator bilen üpjün edilip, “Garagumderýa” birleşiginiň aragatnaşyk toruna birikdirilendir. Taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde suwy sazlaýjy-bekleýji desga, dispetçer nokady, ýerasty howdanlar, suw sorujy hem-de elektrik beketleri guruldy. Munuň özi ýurdumyzda durmuş, önümçilik we tehniki maksatly desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Dabaralara gatnaşyjylar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetiren täze gidrotehniki desgalaryň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar Watanymyzyň durnukly ösüşi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.