Ï Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 110
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Ilçi R.Baýalyýewe çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmen halkynyň milli baýlygy bolan we özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen ahal-teke at tohumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki möhüm ornuny bellediler.