Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisidäki gepleşikleriň jemlerini metbugat maslahatynda beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisidäki gepleşikleriň jemlerini metbugat maslahatynda beýan etdi

view-icon 316
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisidäki gepleşikleriň jemlerini metbugat maslahatynda beýan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen geçirilen gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz geçirilen duşuşyklara ýokary baha berip, olaryň işewür we netijeli geçendigini belledi hem-de Aşgabat bilen Tbilisiniň uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň, şol sanda mundan ozal Gruziýanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça syýasy dialogy giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we bilelikdäki diplomatik tagallalary işjeňleşdirmek babatda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Gruziýany Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirip, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Şeýle hem döwletara gatnaşyklarda telekeçiligiň ornuna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny özleşdirmekde iki ýurduň telekeçilik düzümlerine möhüm orun degişlidir.