Ï Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

view-icon 365
Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gepleşikleri geçirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň esasy netijesi hökmünde döwletara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça has-da ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.

Gol çekilen ylalaşyklaryň hatarynda maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama aýratyn orun eýeledi. Hususan-da, Türkmenistanyň «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy bilen Gruziýanyň «Europe 24» teleýaýlym kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem habarlar materiallaryny yzygiderli alyşmagy göz öňünde tutýar. Munuň özi iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de maglumat giňişligini has-da giňeltmäge ýardam berer.