«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bimöçber şatlyk-şowhuna beslenýän tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänleriň sany günsaýyn artýar. Melhemler mesgeninde, jenneti künjekde ýerleşýän «Awaza» şypahanasy eziz Diýarymyzyň deňiz şypahana düzümini baýlaşdyryp, ösüşleriň kämil derejesine ýetdi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa, gözel kenaryndaky meşhur syýahatçylyk zolagy bu gün jahankeşdeligiň merjenine öwrüldi. Häzirki zaman dünýäsiniň nusgalyk ülňülerine laýyk gurlan bu ajaýyp şypahana ulanylmaga berlen iň ilkinji pursadyndan, ýagny 2018-nji ýylyň 21-nji iýunyndan bäri raýatlara göreldeli hyzmat edýär. Munuň şeýledigine «Awaza» şypahanasynda raýatlarymyza edilýän hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşanyňda has-da anyk göz ýetirmek bolýar.
Binagärlik keşbi, geografik taýdan ýerleşişi bilen tapawutlanýan «Awaza» şypahanasy adybir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligine has-da görk goşýar. Jemi 20 müň inedördül metre barabar meýdany tutýan toplum dünýäniň iň bir kämil, öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde tejribeli lukmanlardyr şepagat uýalary zähmet çekýärler. Olar häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleri esasynda işläp, saglyklaryny berkidýänlere, dikeldýänlere bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny edýärler. Şonuň ýaly-da keselleri, dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamagy, bejermegi üstünlikli alyp barýar. Adamlara aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, akgoterapiýa, deňizdir mineral suwlary bilen bejermek hyzmatlaram talabalaýyk ýola goýulýar.
Şypahanada balnoterapiýa, palçykly bejeriş, howuzly, SPA-ly gidroterapiýa, maslahat, anyklaýyş, dikeldiş, fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalardyr beýlekiler bar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary, olaryň ähmiýeti hakynda düýpli beýan edilýär. Şolaryň esasynda türkmen topragynda bitýän ösümliklerden taýýarlanýan melhemlik içgiler sagaldyş-dynç alyş toplumynda saglygyny bejerdýänlere şypa berýär. Şeýle bolansoň şypahanada hyzmat edýän fitobaryň mähellesi ýetik.
Toplumyň çägindäki açyk howuz, kafeteriý, tennis, bilýard oýnalýan zallar, futbol, woleýbol, basketbol meýdançalary-da döwrebap dynç alýanlaryň, saglyklaryny bejerdýänleriň hyzmatynda. Şypahanadan şypalar tapýan bagtyýar raýatlar döredip berilýän ählitaraplaýyn nusgalyk şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň bimöçber alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.