Ï Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy

view-icon 68
Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy
Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy
Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy
Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy
Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy
Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mary welaýatynda giňden taýýarlyk görülýär. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň häzirki wagtda öňlerinde durýan iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek işleri döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýokary guramaçylykly we sazlaşykly amala aşyrylýar. Asylly däbe öwrülen ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilýän maslahatlar uly many-mazmuna eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar. Bu şanly baýramçylyga Mary welaýatynyň işjanly telekeçileri hem guwandyryjy üstünlikleri, toý sowgatlary bilen barýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Baş Bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy» atly maslahat geçirildi. Bu çärede geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetini giňişleýin düşündirmekde, halk köpçüligine ýetirmekde çuňňur manyly çykyşlar edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň iň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, halkymyzyň jebisligini, döwletimiziň berkararlygyny, milli demokratiýany dabaralandyrýar. Halk Maslahaty milli demokratik däplerimiziň asyrlaryň dowamynda synagdan geçen tejribesiniň häzirki zaman nusgadyr.