Ï Geçi çöpürinden we düýe ýüňünden ýokary hilli ýüplükler öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçi çöpürinden we düýe ýüňünden ýokary hilli ýüplükler öndürilýär

view-icon 95
Geçi çöpürinden we düýe ýüňünden ýokary hilli ýüplükler öndürilýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy barha döwrebaplaşdyrylýar. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda täzelikde işe girizilen geçi çöpürini we düýe ýüňüni gaýtadan işleýän bölüminde ýokary hilli ýüplükler öndürilip başlandy.

Dokma toplumyň täze önümçilik bölümiň esasy aýratynlygy bu ýerde çig mal hökmünde diňe ýerli önümlerimiz ulanylýar. Önümçilikde zerur bolan çig maly hususy maldarçylyk hojalyklaryndan satyn alynýar. Ýerli çig malyň hasabyna daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli ýüň ýüplügini öndürmek üçin önümçilikde Italiýa döwletiniň «Сormateks S.r.L.» kompaniýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň kuwwatly ýüň önümçiligindäki enjamlary ornaşdyrylan.

Ýyllyk kuwwaty geçi çöprüni we düýe ýüňüni gaýradan işläp, 130 tonna ýüň ýüplügi öndürmäge niýetlenen bölümde iş üç çalşykda alnyp barylýar. Bu önümçiligiň esasy maksady halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ulanyp gelýän tebigy çig mallaryny döwrebap tehnologiýaly enjamlaryň kömegi bilen senagat derejesinde gaýtadan işlemekden ybarat.

Bu önümçilik üç bölümden ýüplük-egirme, süýüm boýama we barlaghana bölümlerinden ybarat. Önümçilik işleri birnäçe tapgyrda alnyp barylýar. Çig maly we taýýar önümleri barlaghana bölüminde doly barlagdan geçirilýär.

Ýeňil görnüşi we ýylylygy saklaýjylyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, dürli reňkde boýalan ýüplükler esasan ýörite maksatly matalary dokamak üçin niýetlenen. Dokma toplumynyň bu önümçiliginde önüm galyndylaryny gaýtadan işlemek işlerem ýola goýulypdyr. Gaýtadan işlenýän ýüňlerden geljekde ýorgan, ýassyk we guşaklyk ýaly dokma önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Toplumyň önümçilik bölüminde öndürilýän ýüň ýüplügi ýurdumyzyň dokma önümçiligindäki önümleriň ýene täze görnüşiniň hataryny artdyrdy. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň dokma pudagynda täze eksport mümkinçiliklerini döretdi.