Ï Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik

view-icon 128

Türkmenistan halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen, parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasyny ilerletmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny pugtalandyrmaga, energetika, ulag arabaglanyşygyny üpjün etmäge, suw, ekologiýa ulgamlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen 30-dan gowrak Kararnamany kabul etdi. Döwletimiziň halkara başlangyçlarynyň netijeli we ynsanperwer häsiýeti olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagyny şertlendirýär. Bitarap Watanymyz olary durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezip, durmuş taýdan wajyp wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmek bilen, birnäçe başlangyjy öňe sürdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şol başlangyçlaryň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, yzygiderli ösüşi üpjün etmekde netijeli gurallaryň biri bolup durýandygyna berk ynam bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Şu ýylyň 20-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama bitaraplyk meselelerine bagyşlanan aýratyn gün tertibiniň çäklerinde kabul edilen resminama boldy. Onda häzirki zaman şertlerinde bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ähmiýeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy, parahatçylyk meseleleri boýunça dialogy institutlaşdyrmak ugrunda Türkmenistanyň tagallalary aýratyn bellenilýär. Kararnama täze parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk hukuk we syýasy binýady emele getirýär. Ol gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny berkitmäge, ýurtlaryň arasynda parahatçylyk, dialog, özara hormat goýmak medeniýetini ilerletmäge, bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak arkaly ählumumy meseleleriň deňagramly çözgütlerini tapmakda halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, halkara hukugyň berkidilmegine, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegine, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna munuň esasy şerti hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bu başlangyjyň möhüm ähmiýete eýediginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu resminama ählumumy özgertmeler şertlerinde hukugyň eýeleýän ornuny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak üçin meýdança öwrülmelidir. Dünýäniň 78 döwletiniň täze Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, BMG-niň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygyň medeniýetini pugtalandyrmak boýunça meýilnamalaýyn işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň nobatdaky diplomatik üstünligini alamatlandyrýan bu waka bilen döwlet Baştutanymyzy gutlap, halkara hukuga hormaty artdyrmaga çagyrýan bu Kararnamanyň döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr.

1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna agzalan Kararnamany durmuşa geçirmek boýunça teklipleriň toplumy hödürlenildi. Daşary işler ministrligi tarapyndan bu ugurda taýýarlanan teklipleriň hatarynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini kesgitlemegi, beýleki degişli çäreleri göz öňünde tutýan 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly teklip bar. Bu meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak, ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat pudagara iş toparyny döretmek teklip edildi.

2026 — 2028-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda halkara hukugyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary, duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy, Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet, maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamagyň, elektron bilim serişdelerini döretmegiň, Halkara hukuk hepdeligini, BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny, ýaşlaryň arasynda halkara hukugyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukuk» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Ol halkara hukugy öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl Aşgabat halkara hukuk dialogyny, ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirip bolar.

Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan işler teleradioýaýlymlardaky ýörite gepleşiklerde, dokumental filmlerde, metbugatdaky ylmy-köpçülikleýin makalalarda öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle hem bu ýyla bagyşlanan köpdilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek teklip edilýär. Hökümet mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen beýan edilen teklipler BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ýakyndan utgaşdyrmagy ugur edinýär. Şolaryň biri «Halkara hukuk we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde guramanyň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak bilen baglanyşyklydyr. 2028-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukuk boýunça ýokary derejeli bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär.

Beýan edilen teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak teklibi hem bar. Şunuň bilen baglylykda, 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny geçirmegiň, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we beýleki iri halkara merkezlerde ýokary derejeli çäreleri guramak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Bu teklipleriň giň gerimi we oýlanyşyklylygy Watanymyzyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň taslamasy hem şeýle çemeleşme bilen tapawutlanýar.

Möhüm pikirleriň, umumy konseptual garaýyşlaryň dowamlylygyny özünde jemleýän bu wajyp resminama dünýä ösüşiniň esasy ugurlary boýunça birnäçe täze, derwaýys teklipleri öz içine alýar. 24-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde onuň häzirki zaman ählumumy gün tertibine gabat gelýän esasy düzgünleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şunda tutuş adamzat üçin binýatlaýyn gymmatlyklar bolup durýan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de ýurdumyz 2027 — 2037-nji ýyllary “Birleşen Milletler Guramasynyň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip eder. Teklipleriň hatarynda Milletler Bileleşiginiň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy hem bar.

Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda indiki ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek bilen bagly geňeşmeler geçiriler. Türkmenistan täze ählumumy meýillere laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde Watanymyz dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde ykrar edilýär. Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda kabul edilen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz onýyllygyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Geçen ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny kabul eden Türkmenistan 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer.

Ulag diplomatiýasyny ilerletmegiň barşynda Türkmenistan öz çäginde BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip eder. Şonuň ýaly-da, ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.

Ekologiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjy bu ugurdaky nobatdaky ädim bolar. Bu dialog halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlary ilerletmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat eder. Şeýle-de gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyç bilen çykyş etmek meýilleşdirilýär. «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek babatda geňeşmeler geçiriler.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda öňe sürülýän başlangyçlarda zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny mundan beýläk-de ilerletmegi, onuň BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegini üpjün eder. Mundan başga-da, halkara gatnaşyklarda, parahatçylykly başlangyçlarda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamak dowam etdiriler. Ýurdumyz «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde ýaşlaryň halkara we sebit başlangyçlaryna amaly taýdan gatnaşygyny giňeltmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlary halkara hukugy çygrynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Şunda ýurdumyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy, BMG-niň beýleki düzüm birlikleriniň, komissiýalarynyň agzasy hökmünde işini işjeň dowam etdirer. Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky sessiýanyň dowamynda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna, guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar.

Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ählumumy abadançylygyň bähbidine döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara hormat goýmak, ynanyşmak dialogyny pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär.