Ï “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar

view-icon 288
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi sizi Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek zehin bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabry «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezindäki “Iş nokady” koworking-merkezinde sagat 14:00-da geçiriler. Bäsleşige 15–24 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp biler we oňa gatnaşmak tölegsizdir.

Çäre dabaraly ýagdaýda açylyp, çekeleşikli zehin bäsleşigi we Ozon merkeziniň taýýarlan wideoşekilleriň görkezilişi bilen dowam eder. Zehin bäsleşiginde 10 kişiden ybarat iki topar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek we ekologik meselelere çözgüt tapmak bilen baglanyşykly ýörite ýumuşlar boýunça bäsleşerler. Toparlar soraglara jogap tapyp bilmedik ýagdaýynda, tomaşaçylar hem öz pikirlerini aýdyp, işjeň gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary, ähli gatnaşyjylara we tomaşaçylara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşikde güýç synanyşmak üçin 20 sany, oňa tomaşa edip, işjeň goldaw bermek üçin bolsa 40-a golaý ýaşlary çagyrýarys. Gatnaşmak üçin adyňyz, familiýaňyz, telefon belgiňiz, ýaşyňyz we okaýan (işleýän) ýeriňiz baradaky maglumatlary tebigatchy.jemg@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly. Bäsleşip, ýeňiji bolmak isleseňiz hatyň Tema” ýerine “Ozon – Gatnaşyjy”, tomaşaçy hökmünde gatnaşasyňyz gelse, “Ozon – Tomaşaçy” diýip ýazyň.

Hasaba almak 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry sagat 17:00-a çenli dowam edýär.

Habarlaşmak üçin: +(993 12) 37-46-78; +(993 64) 26-84-32.