Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy okuw sapagy bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara ýüzlenmesinde innowasiýalar we sanlylaşdyrmak ulgamyndaky ileri tutulýan wezipeleri aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlary jogapkärçilige we ylym-bilimde yhlasly bolmaga çagyrdy hem-de döwlet tarapyndan ýaş nesle hemmetaraplaýyn goldawyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Emeli aňyň ösdürilmegi we senagat ykdysadyýetiniň kemala getirilmegi ýaly häzirki zaman ugurlaryna baha berip, türkmen halkynyň Milli Lideri «akylly» şäherleriň döredilmeginiň logiki dowamy hökmünde «Akylly jemgyýet» konsepsiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz bu konsepsiýanyň taslamasyny durmuşa geçirmek işlerine talyplary we ýaş hünärmenleri işjeň çekmegi teklip etdi. Olaryň täzeçe garaýyşlary ýurdumyzy täze tehnologik derejä çykarmaga ýardam berer.