Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmegi teklip etdi

view-icon 37
Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ahalteke tohumyny ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny hödürläp, esasy maksat hökmünde ahalteke bedewlerini Olimpiýa oýunlaryna çykarmagy belledi.

Olimpiýa standartlaryna ýetmek üçin Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz halkara talaplaryna laýyklykda baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem biziň tohum atlarymyza degişli atlar üçin iri halkara baýraklary döretmegi teklip etdi. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren esasy başlangyçlarynyň hatarynda ahalteke bedewleriniň bitewi genetik bankyny döretmek, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny esaslandyrmak we ylmy-barlag grantlarynyň üsti bilen weterinariýa ylmyna maýa goýmak hem bar.

Mundan başga-da, Milli Liderimiz «ýaşyl» diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmäge, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatçylyk ugurlaryny ýola goýmaga çagyrdy. Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, Halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegi hem-de olaryň arasyndan aň-bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sanly mediada behişdi bedewleriň fenomeni barada maglumat taslamalaryny durmuşa geçirmek teklip edildi.