Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzyň atçylykda we bu ulgamy ösdürmekde giň möçberli halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny yglan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy milleti, ýaşy we hünäri boýunça dürli adamlary birleşdirýän ahalteke atlarynyň wepalylygyň, gözelligiň hem paýhaslylygyň özboluşly ýeke-täk mysalydygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara atçylyk ýaryşlarynyň, mowzuky çäreleriň geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge we ýöriteleşdirilen ylmy barlaglara gönüden-göni gatnaşmaga taýýar.
Gahryman Arkadagymyz şeýle hem ýurduň bu ugurda eýýäm uly üstünlikler gazanandygyny, ahalteke atlarynyň iri milli we bütindünýä çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli ýokary baha mynasyp bolýandygyny ýatlatdy.