Ï Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

view-icon 59
Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

Paýtagtymyzda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Baýramçylyk çäresine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem täjik diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Diplomat 9-njy sentýabr senesiniň taryhy ähmiýetini nygtap, häzirki Täjigistany baý medeni mirasa eýe bolan, depginli ösýän döwlet hökmünde häsiýetlendirdi.

Ilçi öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine aýratyn ünsi çekdi.

– Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan isleg esasynda ösýär. Ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar, gatnaşyklaryň giň gün tertibi hem-de berk şertnama-hukuk binýady döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk syýasy erk-islegiň bardygyny aýdyň görkezýär – diýip, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy belledi.

Türkmenistan tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ruhy umumylyga we doganlyk baglanyşyklara daýanýandygyny nygtady.

Wise-premýer halkara giňişliginde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini hem-de döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny belläp geçdi.

– Türkmenistanyň we Täjigistanyň garaýyşlarynyň ýakynlygy halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlykda aýdyň görünýär. Döwletlerimiziň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklary, olaryň yzygiderli duşuşyklary özara düşünişmek ýörelgelerini pugtalandyrýar. Açyklyga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygymyz dürli meseleleri netijeli çözmäge hem-de özara bähbitli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär – diýip, wise-premýer nygtady.

Agşamlyk çäre mähirli we dostlukly ýagdaýda geçip, Türkmenistanyň we Täjigistanyň strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge bolan özara ymtylyşyny ýene-de bir gezek tassyklady.