Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

view-icon 33

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Size, şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirmäge şatdyryn.

Soňky 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak esasynda ösdürildi. Serbiýa Respublikasy Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär we ony has-da ösdürmäge berk ygrarlydyr. Toplanan oňyn tejribä, özara hormat goýmaga esaslanyp, syýasy dialogymyzy, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmagy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Aleksandr Wuçiç,
Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.