Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

view-icon 28

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!
Gadyrly ýaşlar!

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bedew batly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent waspyna öwrülen şirin owazly aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde size döredijilik rowaçlyklaryny arzuw edýärin.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň halkara abraýy barha belende göterilip, halkara bileleşikde öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny täze zähmet sowgatlary bilen garşylaýan bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda Watanymyza söýgi, ajaýyp zamanamyza buýsanç duýgulary has-da joşýar. Berkarar döwletimizi syýasy, ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasyndan şöhratlanan mukaddes Garaşsyzlygymyz dilleriň senasyna, ýürekleriň buýsanjyna öwrülýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren eşretleri bagtyýar watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýar.

Gadyrly aýdymçy ýaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Aýdym-saz sungaty biziň halkymyzyň durmuşynda hemme döwürlerde-de aýratyn hormat-sylaga mynasyp bolupdyr» diýip belleýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, agzybir halkymyz aýdym-saz sungatyny hemişe sarpalan, söýen halkdyr. Türkmen halky ençeme asyrlyk şöhratly taryhynda aýdym-saz sungatyna kalbynyň töründen orun beripdir, joşgunly aýdym-sazlary ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Ussat bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän joşgunly aýdym-sazlary türkmen topragynda tutulýan toýlaryň dabarasyny has-da artdyrypdyr. Merdana ata-babalarymyz sungatyň synmaz güýjüniň üsti bilen parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrypdyrlar.

Häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren meşhur sungat ussatlarymyz kalba ýakyn aýdymlary bilen ýürekleriň töründe orun aldylar. Hojaw Annadurdyýewiň «Balykçynyň aýdymy», Aýdogdy Gurbanowyň «Aýna», Ata Ilamanowyň «Çap, atym!», Annaberdi Atdanowyň «Duran ýerlere», Öwezgeldi Tekäýewiň «Ýyllar ýatyr aramyzda», Mämi Çaryýewiň «Ülkämiň toý saçagynda», Saparmyrat Babaýewiň «Gözleriň», Muhammet Hallyýewiň «Halyçy gözel», Gurbansoltan Nurýagdyýewanyň «Bilbil nämä saýraýar?», Gurbannazar Hojagulyýewiň «Ýatlama», Gurban Gummanowyň «Boýlaryňa», Nurýagdy Tokgaýewiň «Aý dogan çagy», Rejepmuhammet Ulugowyň «Ak maýa gerek», Täçmuhammet Hajyýewiň «Gyzlaryň», Atabaý Çarygulyýewiň «Şadyýan gözel» ýaly aýdymlary halkyň kalbynda baky orun aldy. Sungat äleminde özboluşly ýol goýan ussatlaryň döredijilik mirasy nusgalyk mekdepdir.

Gadyrly aýdymçy ýaşlar!

Sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylarymyzyň mukaddes borjudyr.

Aýdymçy ýaşlar, siz öz tebigy sesiňiz, ýerine ýetirijilik aýratynlygyňyz bilen sungat äleminde öz ornuňyzy tapmalysyňyz! Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki ösüşleri size baglydyr. Biz aýdymçy ýaşlarymyzyň — siziň geljegiňize uly umyt bildirip, watandaşlarymyzyň göwünlerini ganatlandyrýan aýdymlary belent heňde ýerine ýetirjekdigiňize hem-de milli sungatymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna öz goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýarys.

Ýaş aýdymçy ýigitler we gyzlar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.