Ï Hytaý Halk Respublikasynda «CIPCC-2026» okuw maksatnamasy durmuşa geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý Halk Respublikasynda «CIPCC-2026» okuw maksatnamasy durmuşa geçirilýär

view-icon 23
Hytaý Halk Respublikasynda «CIPCC-2026» okuw maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Şu ýylyň sentýabr – dekabr aýlary aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde žurnalistler üçin «China International Press Communication Center (CIPCC)-2026» halkara okuw maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Bu taslama daşary ýurtly žurnalistleriň Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşy bilen ýakyndan tanyşmagyny hem-de halkara metbugat hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.

8-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde «CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýyl maksatnama 101 döwletden 109 sany tejribeli žurnalist gatnaşýar. Taslama daşary ýurduň birnäçe wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň wekili hem gatnaşýar.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny we täsiri has hem ýokary derejä göterildi. Syýasat, diplomatiýa we maglumat giňişligi biri-biri bilen baglylykda dünýä taryhynda täze binýatlaýyn ugurlary emele getirýär. Hytaýda geçirilýän «China International Press Communication Center (CIPCC) 2026» okuw maksatnamasy hem bu hakykaty amala aşyrmakda möhüm syýasy-diplomatik ädim hökmünde çykyş edýär.

Halkara hyzmatdaşlygyň syýasy binýadyny has-da pugtalandyrýan bu maksatnama diňe bir hünär tejribeligi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletleriň arasyndaky ykdysady, medeni hem-de diplomatik gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşmagyna giň ýol açýar. Žurnalistleriň Hytaý Halk Respublikasynyň syýasy gurluşy, durnukly ykdysady ösüşi, daşary syýasat ýörelgeleri we baý medeni mirasy bilen giňden tanyşmagy halkara köpçüligine takyk we hakyky maglumatlary ýetirmäge şert döredýär.

Halkara habar meýdanynda ýurtlaryň arasynda emele gelýän bu hili hyzmatdaşlyk köprüleri, halklaryň özara ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň dialogyna we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly itergi berýär. Žurnalistleriň hünär kämilleşdiriş meýdançasynda toplan tejribesi we döredilen berk dostlukly baglanyşyklar geljekde halkara metbugat giňişliginde parahatçylykly, ynsanperwer gepleşikleriň yzygiderli dowam etdirilmegini üpjün eder.

Şunlukda, «CIPCC» maksatnamasy häzirki zaman dünýä syýasatynda informasiýa diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.