Ï "Ýaş halas edijiler" at bilen bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

"Ýaş halas edijiler" at bilen bäsleşik geçirildi

view-icon 33
"Ýaş halas edijiler" at bilen bäsleşik geçirildi

Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde "Ýaş halas edijiler" at bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige birnäçe amaly ugurlar boýunça synagdan geçen okuwçylar gatnaşdy.

Her biri bäş adamdan ybarat alty topara bölünen okuwçylar adatdan daşary we tebigy betbagtçylykly ýagdaýlarda ýol-ugur tapmak, şeýle hem lukmandan öň ilkinji kömegi bermek başarnyklaryny görkezdiler. Aldym-berdimli ýagdaýlarda hut çalasyn we başarnykly hereketler adamlary halas edip bilýär, bu bolsa ýaş halas edijileri taýýarlamak işiniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirligi tarapyndan bilelikde guralyp amala aşyryldy. Eminler topary Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy we Ýol hereketine gözegçilik etmek bölüminiň, şeýle hem "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasynyň wekillerinden ybarat boldy.

Şunuň ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir we "Raýat goranyş ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça 2019–2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna" laýyklykda, amala aşyrylýar. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça iş meýilnamasy betbagtçylykly ýagdaýlara taýýarlygy, olara wagtynda baş galdyrmagy, olaryň netijeleriniň zyýanyny azaltmagy we öňüni almagy üpjün etmek boýunça çäreleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesilde watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we jogapkärçilik duýgularyny döredýän "Ýaşlar – Watanyň daýanjy" atly kitaby okuwçylar üçin köp babatda ruhy we durmuş gollanmasy bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni, ynsanperwer hem beýleki ugurlardaky işlerine we üstünliklerine bagyşlanan çuňňur mazmunly bu işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş ýigitlerdir gyzlar üçin belent maksatlara ýetmek ýolunda ylham beriji gollanma öwrüldi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça, baýrakly orunlary eýelän üç topar Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglandy. Şeýle hem ýaryşa gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasyndan, “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyndan we "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.