Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

view-icon 58
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kendzi Ýamada bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýete eýedigini belläp, taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Ýaponiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Energetika, senagat, ulag, himiýa pudagy we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we aýlawly ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýratyn bellenildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän netijeli mehanizm hökmünde möhüm ornuny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bilelikdäki tagallalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.