Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 33

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Niderlandlar Patyşalygynyň “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny we onuň bilen bagly halkara çäreleri geçirmäge beren goldawyňyz, bu çäreleriň guramaçylyk işlerine ýolbaşçylyk edendigiňiz hem-de olara hut özüňiziň gatnaşandygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat beriň!

Şeýle taryhy ähmiýetli wakanyň ýokary derejede guralmagyna gatnaşmagymyz assosiasiýamyz üçin uly mertebedir. Biz ilkinji gezek Ýewropanyň merkezinde, giň gerimde köp sanly naýbaşy ahalteke atlaryny, olaryň eýelerini, atşynaslary, atçylyk pudagynyň hünärmenlerini, bu ajaýyp bedewleriň muşdaklaryny, dürli ýurtlaryň we bileleşikleriň wekillerini bir ýere jemlemegi başardyk. Bu çempionat diňe bir atşynaslyk bileleşiginde däl, eýsem, giň jemgyýetçilikde hem uly gyzyklanma döredip, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Çäre tamamlanandan soňra hem biziň adymyza oňa gatnaşyjylardan, myhmanlardan, hünärmenlerden köp sanly hoşallyk hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda çempionatyň guramaçylygynyň ýokary derejesi, mazmuny we özboluşly häsiýeti uly täsir galdyrdy. Olaryň köpüsi ýatdan çykmajak duýgulary başyndan geçirendiklerini, bu wakalaryň özlerinde uly täsir galdyrandygyny, geljekde ýene-de şeýle çärelere gatnaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny belleýärler.

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyz netijesinde bu ajaýyp üstünligi gazanmak mümkin boldy. Siziň hut özüňiziň bu çärelere gatnaşmagyňyz çempionatyň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de ony adaty atly sport bäsleşikleriniň çäklerinden çykaryp, has ýokary derejä ýetirdi. Bu köpöwüşginli bäsleşik bedewleriň täsin ahalteke tohumyny giňden wagyz etmek hem-de olaryň gözelligi, taryhy, mirasy bilen giň dünýä jemgyýetçiligini has ýakyndan tanyşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýan halkara meýdança öwrüldi. Atly sport çäreleri ahalteke bedewiniň diňe bir dünýäniň iň gadymy hem-de meşhur at tohumlarynyň biri bolman, eýsem, halklary we medeniýetleri birleşdirýän kuwwatly güýçdügini aýdyň görkezdi.

Çäreleriň maksatnamasynyň toplumlaýyn häsiýeti onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Çempionat bilen bir hatarda, halkara maslahatyň hem-de bu ulgamy ösdürmegiň geljegi barada hünärmenleriň, atlary ösdürip ýetişdirýänleriň, atşynaslyk bileleşiginiň wekilleriniň arasynda ahalteke tohumyny gorap saklamak, köpeltmek hem-de halkara giňişlikde ilerletmek babatda pikir alyşmalaryň geçirilmegi toplanan bilimleri, tejribeleri hem-de teklipleri paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde, medeni maksatnama myhmanlara Türkmenistany täzeden tanatmak üçin amatly giňişlik bolup hyzmat etdi. Bedewleriň, däp-dessurlaryň, sungatyň, sazyň hem-de myhmansöýerlik ýörelgeleriniň üsti bilen giň tomaşaçylar köpçüligi diňe bir ýurduňyzyň baý medeni mirasyna aralaşmaga däl-de, türkmen halkynyň mährini, belent ruhuny duýmaga-da mümkinçilik aldy. Bu babatda geçirilen dabaralar atşynaslyk ýörelgelerini, ylmy, medeniýeti, halklaryň dostlugyny birleşdirýän özboluşly köprä öwrüldi.

Bu möhüm başlangyjy öňe sürendigiňiz we oňa ýolbaşçylyk edendigiňiz, dünýä medeniýetiniň, atşynaslyk mirasynyň örän gymmatly hazynasy hökmünde ahalteke tohumyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek işine köp ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz ygrarlylygyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize aýratyn hoşallygymyzy beýan edýäris. Bu iri halkara atly sport çäreleriniň üstünlikli geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine, ahalteke bedewlerini bütin Ýewropada we onuň çäklerinden daşarda wagyz etmegiň täze döwrüniň başlanmagyny alamatlandyrjakdygyna ynanýaryn.

Siziň nobatdaky çempionaty her bäş ýyldan geçirmek baradaky başlangyjyňyzy ýokary ruhubelentlik bilen goldaýarys hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly bu başlangyjyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirýäris. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljekde-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna tüýs ýürekden umyt edýäris.

Taryhy ähmiýetli çäreleri üstünlikli geçirmekde öňdengörüjiligiňiz, ýolbaşçylygyňyz hem-de şahsy goşandyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize hoşallygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Marian WELTEWREDEN,
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy.