Ï Aşgabatda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmek meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmek meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler

view-icon 260
Aşgabatda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmek meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow paýtagtymyzda şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatyna görä, öňde boljak forumyň tematik ugurlary birnäçe möhüm pudaklaýyn meseleleri öz içine alýar.

Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek ýaly ugurlar bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň strategik ähmiýetini nygtady hem-de öňde boljak maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.