Ï Baýry ýokary okuw mekdebiniň şu güni we taryhy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýry ýokary okuw mekdebiniň şu güni we taryhy

view-icon 2
Baýry ýokary okuw mekdebiniň şu güni we taryhy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okamak, gurmak hem-de döretmek bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbini kesgitleýär. Bu keremli ýörelge bolsa, ýurdumyzyň halk hojalygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ösüşleriniň çuňňur mazmunyny kesgitleýär. Bu il-ýurt bähbitli taryhy tutumlaryň içinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmeklige gönükdirilen ýörelgäniň esasy orunlaryň birini eýelemegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bu döwletli ýörelgä mysal hökmünde 2026-njy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalar toplumlarynyň ajaýyp binalaryny mysal getirip bileris. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen şeýle desgalaryň biri hem berkarar Diýarymyzyň bilim ulgamy üçin mugallymlary, hünärmenleri we terbiýeçileri taýýarlaýan, ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze döwrebap binalar toplumydyr. Okatmaklygyň häzirkizaman enjamlary, has takygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we dünýäniň beýleki iň ösen döwletleriniň belli kompaniýalarynyň ýokary hil derejesindäki tehnologiýalary ornaşdyrylan täze döwrebap desga bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi, talyp ýaşlar bilen bilelikde tutuş halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.

Binagärlik sungatynyň dünýä we milli nusgalarynyň özara sazlaşygy esasynda gurlan, tutýan meýdany 26 gektar çemesi bolan döwrebap ymaratlar toplumynda talyp ýaşlaryň häzirkizaman ylmynyň gazananlaryna aralaşmaklary, institutyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek buýsançlydyr. Baýry ýokary okuw mekdebiniň täze mekany dolandyryş-okuw binasyndan, bu binada ýerleşýän 700 we 200 orunlyk mejlisler zalyndan, okuw binalaryndan, mugallymlara we talyp ýaşlar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem 1000 orunlyk naharhanadan, bir million kitap gaznasyna niýetlenen 700 orunlyk kitaphanadan ybaratdyr. Bulardan başga-da täze binalar toplumy 500 orunlyk stadiony, sport zalyny we 3 sany sport meýdançalaryny, her biri 200 awtoulaga niýetlenen açyk we bassyrmaly awtoduralgalary öz içine alýar. Ýeri gelende bu taslamanyň Baş binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwrüni, Türkmenistanyň taryhyny, bu ýokary okuw mekdebiniň öz geçmişini beýan edýän taryh, arheologik we etnografiýa, ösümlikler hem-de haýwanat dünýäsine degişli bölümleri bolan muzeýiň döredilendigini hem belläp geçmek bolar. Şeýle-de bu taslamanyň çäginde hojalyk maksatly hem-de tehniki we hyzmat binalary ýerleşýär.

Mukaddes işleriň gözbaşy keremli kişileriň paýhasyndan başlanýar. Mälim bolşy ýaly mundan sanlyja ýyl ozal türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu baýry ýokary okuw mekdebine ýörite iş sapary bilen geldi hem-de institutyň talyp ýaşlary we mugallymlary bilen duşuşyp, halypalyk maslahatlaryny berdi. Şol duşuşykda Milli Liderimiz bu bilim ojagynyň örän baý taryhynyň bardygyny, bu ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlaryň ençemesiniň belli alymlar, bilim we döwlet işgärleri bolup ýetişendiklerini aýtmak bilen Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewanyň hem-de Çynar Rüstemowanyň hut şu institutda okandyklaryny belläp geçdi we bu ýerde Gahrymanlaryň otagyny döretmekligi maslahat berdi. Şol çykyşynda Milli Liderimiz bu ýokary okuw mekdebi üçin täze döwrebap binalar toplumynyň guruljakdygyny aýtdy. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly sözleri sahawatly işe öwrülip, hormatly Prezidentimiziň degişli karary esasynda sanlyja ýylyň dowamynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylan täze, döwrebap binalar toplumy peýda boldy.

Elbetde, şeýle taryhy ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň geçmişine ser salmak gyzykly we ýerlikli bolsa gerek. Ilki bilen biz Türkmen döwlet pedagogiki institutynyň döredilmeginden öň Çärjew şäherinde açylan we mugallymlary taýýarlan Mugallymçylyk instituty barada durup geçeliň. Çärjew şäherinde mugallymçylyk instituty 1922-nji ýylda döredilipdir. Bu barada Lebap welaýatynyň Döwlet arhiwinde saklanylýan, 1925-nji ýylyň 10-njy aprelinde birnäçe jogapkär adamlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen barlagyň netijesinde ýazylan delilnama (akt) güwä geçýär. Bu delilnamada mugallymçylyk institutynyň (Uçitelskiý institut) 1922-nji ýylda döredilendigi, onuň düzümine öňki mugallymçylyk kurslarynda okaýanlaryň bir böleginiň, şeýle hem obalardan täze getirilen okuwçylaryň we Çärjew şäherindäki musulmançylyk okuw mekdeplerinde okaýanlaryň girizilendigi aýdylýar. Delilnamada mugallymçylyk mekdebiniň öz wezipesi boýunça Respublika ähmiýetlidigi, onuň diňe bir Leninsk (Çärjew) okrugyny däl, eýsem, Respublikanyň beýleki okruglaryny hem mugallymlar bilen üpjün etmelidigi görkezilýär. Şol döwürde bu mugallymçylyk institutynda 80 – 100 töwerek bilim alýanlar, 8 sany hem mugallym bolupdyr. Okuwa gelýänleriň taýýarlygy dürli derejede bolupdyr we olar ýaşy (14 – 30 ýaş) boýunça hem örän tapawutlanypdyr. Institut döwlet býujetiniň hasabyna hereket edipdir, okuw meýilnamalary bilen gijiräk hem bolsa üpjün edilipdir. Ýurtda bolýan özgertmeler netijesinde Çärjew şäherindäki mugallymçylyk instituty hem barha kämilleşipdir we onuň taýýarlaýan mugallymlary Respublikanyň köp ýerlerinde çagalara bilim beripdir. TSSR-iň Halk Komissarlar Sowetiniň 1941-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky Karary bilen Çärjewiň mugallymçylyk instituty we pedagogiki uçilişşesi Daşoguz şäherine geçirilýär. 1949-njy ýylda mugallymçylyk instituty ýene-de Çärjew şäherine getirilýär we Çärjew oblast Ispolkomynyň 1949-njy ýylyň 8-nji fewralyndaky 4/68 belgili çözgüdi bilen şäher saglygy goraýyş edarasyna degişli Çagalar hassahanasynyň binasynda ýerleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginden institutyň ýerleşen binasynda düýpli abatlaýyş işlerini geçmeklik maksady bilen 300 müň manat (rubl) möçberinde pul soralypdyr. Arhiw maglumatlaryna görä Türkmenistan SSR-niň Halk Magaryf ministrliginiň Türkmen döwlet pedagogiki instituty 1950-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Ministrler Sowetiniň 1950-nji ýylyň 7-nji awgustyndaky 536 belgili Karary bilen Çärjewiň mugallymçylyk institutynyň binýadynda döredilipdir. Şol döwürde institutyň 6 sany, ýagny, dil we edebiýat (türkmen we rus bölümleri), taryh (türkmen bölümi), fizika-matematika (fizika we matematika bölümleri), geografiýa (türkmen bölümi), daşary ýurt dilleri (iňlis we nemes bölümleri), tebigy bilimler (biologiýa-himiýa bölümleri) fakulteti we olaryň düzüminde 18 kafedra bolupdyr. Türkmenistan SSR-niň Halk Magaryf ministrliginiň görkezmeleri we buýruklary bilen fakultetleriň we kafedralaryň birnäçe gezek üýtgedilendigini bellemek möhümdir. Türkmenistan SSR-niň Ministrler Sowetiniň 1956-njy ýylyň 12-nji martyndaky 204 belgili buýrugy bilen Çärjewiň 2 ýyllyk gaýybana mugallymçylyk institutynyň binýady esasynda institutyň gaýybana bölümi döredilýär. Şondan biraz wagt geçenden soňra, 1956-njy ýylyň 4-nji iýunyndaky TSSR-iň Ministrler Sowetiniň Karary bilen şol ýylyň 14-nji iýunynda institutyň agşamky bölümi ýapylýar we ol ýerde okaýan talyplar gaýybana bölüme geçirilýär. TSSR-iň Magaryf ministrliginiň 1956-njy ýylyň 10-njy noýabryndaky 210 belgili buýrugyna laýyklykda giň möçberli 5 ýyllyk okuw möhletine geçilýär we institut bilimiň 10 görnüşi boýunça mugallymlary we hünärmenleri taýýarlap başlaýar.

1959-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistan SSR-niň Ministrler Soweti ýörite Karar kabul edýär we onda respublikada pedagogiki kadrlary taýýarlamakda belli bir derejede üstünlikler gazanylandygy bellenilýär. Şonuň bilen birlikde respublikanyň bilim işgärlerine bolan zerurlygyny bir sany uly pedagogiki institutyň goýberýän uçurymlarynyň hasabyna doly kanagatlandyryp boljakdygy bellenilýär. Şeýle hem şol Kararda üç sany kiçi ýokary okuw mekdebiň hasabyna ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamagyň, ylmyň şol döwürdäki talabyna laýyk toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň uly kynçylyklar döredýändigi aýdylýar. Ýokarda aýdylanlardan ugur alnyp we pedagogiki kadrlaryň taýýarlanyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen hem-de «Mekdep bilen durmuşyň baglanyşygyny berkitmek we SSSR-iň halk magaryfyny mundan bu ýana hem ösdürmek» baradaky kanuna laýyklykda Türkmenistan SSR-niň 1959-njy ýylyň 5-nji maýyndaky 160 belgili Karary we SSSR-iň Ýokary we ýörite orta bilim Ministrliginiň 1959-njy ýylyň 22-nji iýunyndaky 788 belgili buýrugy esasynda Çärjew döwlet pedagogiki institutynyň binýadynda bu ýokary okuw mekdebine Marynyň zenanlar pedagogiki instituty we Daşoguzyň pedagogiki instituty birikdirlip, Çärjew şäherinde ýerleşýän, Respublikanyň ähli mekdepleri üçin mugallymlary taýýarlaýan bir sany pedagogiki institut döredilýär we ol TSSR-iň Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Ýokary we orta bilim baradaky döwlet komitetiniň W.L.Lenin adyndaky Türkmen döwlet pedagogiki instituty diýlip atlandyrylýar.

Ýurt Berkararlygyna eýe bolandan soňra institutda düýpli özgertmeleriň geçirlendigini, kökleri gadymyýetiň çuňlugyndan gaýdýan türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli ýörelgeleri esasynda ýaş nesillere häzirkizaman ülňülerine laýyklykda bilim berýän bilim işgärleriniň taýýarlanýandygyny bellemek buýsançlydyr. Bu ýokary okuw mekdebi 1993-nji ýylyň 15-nji fewralynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty diýlip atlandyryldy. Bilimler mekanynyň täze döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bolsa, bu baýry ýokary okuw mekdebiniň taryhynyň altyn sahypasydyr.