Ï Moldowa Respublikasynyň Mejlisiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moldowa Respublikasynyň Mejlisiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk

view-icon 29

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Aýratyn-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar özara düşünişmegi pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.