Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy

view-icon 24
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmegiň ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Säheriň tämiz çagynda dag eteginiň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Magtymguly Pyragynyň gözel künjekde oturdylan heýkeli şäher gözelligine görk goşup, halkymyzy bagtyýar durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan beýik işlere çagyrýan mysaly, alyslardan seleňläp görünýär.

Gahryman Arkadagymyz ýol bilen gidip barşyna, ady rowaýata öwrülen we Türkmenistanyň tugrasynda orun alan Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilendigi, aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýol ýokary görkezijilere doly laýyk gelip, onuň gurluşygynda daş düşemek, tekizlemek, ýoluň gatlaryny dykyzlandyrmak işleri häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýerine ýetirildi. Ýoluň gurluşygynda ýörite serişdeler ulanylyp, onuň hiliniň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi üpjün edildi. Aýratyn-da, bu ýola üç gatlakdan ybarat bolan ýokary hilli asfalt düşekleri degişli kada laýyklykda düşeldi.

Soňra Milli Liderimiz “Ýanardag” binasynyň daşyndan aýlaw etdi. Täze ýoluň yşyklandyryş ulgamy häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda, täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Ýol gurluşygynda öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmagyna, onuň gönüligine we tekizligine aýratyn ähmiýet berlipdir. Ýol ýakalarynda ekilen baglar bu künjegiň ekologik derejesiniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýol belgileri, ýoluň ýakasynda oturdylýan granit daşlary, ýanýodalar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şeýle-de sil akabalarynyň üstünden gurulýan köprüleriň berkligine, uzak möhletleýinligine, gurluşyk serişdeleriniň hiline möhüm ähmiýet berildi. Şunda sil suwlaryny bir ýere jemlemek we olary gaýtadan ulanmak meseleleri ylmy esasda öwrenildi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Dünýäde abraýy belende göterilýän ahalteke bedewleriniň keşbinde pederlerimiziň yhlasy, olaryň geçen şöhratly ýoly, nesillere miras goýan asylly ýörelgeleri, häzirki döwrüň belent ösüşleri öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we Döwlet tugrasynda orun alan Ýanardag türkmen atlarynyň dünýädäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşdy.

Gahryman Arkadagymyz, ýol gurluşygynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, bedewleriň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde ajaýyp atlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň behişdi bedewlerimize bolan buýsanjyny artdyrýandygyny belläp, bu babatdaky işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek işinde dünýäniň ösen tejribesi we türkmen atşynaslarynyň milli ýörelgeleri utgaşdyrylýar.

Soňra ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň deňine geldi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýoluň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen atlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly bedewleriň adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär.

Aýlawly ýoluň abadançylygy, ýol ýakalarynyň döwrebaplaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary barada Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi, olaryň bu künjegiň gözelligine gözellik goşmak bilen bir hatarda, ynsan ruhuny belende götermekde ähmiýetlidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Bu ýerde oturdylýan bedewiň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen paýhasly jümlesine laýyk gelýär. Bedewiň ýüzüniň ileri tarapa seretmegi bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini alamatlandyrýar.

Bu günki gün türkmen bedewleriniň şan-şöhraty barha belende galýar. Häzirki döwürde dünýä atşynaslary, ippologlar, alymlar ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegine, olaryň taryhyna we reňk aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkara giňişlikde nusgalyk häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Toplumyň çäginde oturdylan şekilleriň özboluşly görnüşini özünde jemleýän Ýer togalagy we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanak onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew heýkeliň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekilde sebitde ilkinji gezek Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden ybarat binýadynyň bolmagynda çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynda, şol sanda türkmenlerde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanýar. Şoňa görä, şekilde kebelegiň durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmegiň, ösüşiň we tebigy sazlaşygyň ugurlary öz beýanyny tapýar. Kebelekleriň ganatlary bolsa erkinligi, durmuş ajaýyplygyny, nepisligi alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz bu şekiliň özboluşly usulda taýýarlanylyşyna ýokary baha berdi. Munuň özi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen bedewiň taýçanagynyň dünýäniň depesine çykyp, halkara giňişlikde ajaýyplygyň nusgasy hökmünde ykrar edilýändigini özboluşly usulda beýan edýär. Bu ýerde dünýäde ilkinji gezek atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň göz öňünde tutulandygyny hem bellemek gerek. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşjeklerde aýratyn täsir galdyrar.

Ýörite bölümde Hazar deňziniň şekili bolup, onda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary arkaly bedewiň deňziň gyrasynda duran şekilini janlandyrmak mümkinçiligi üpjün edilipdir. Kenar ýakasynda peýwagtyna gezelenç edýän bedew bilen surata düşmek adamlarda ýakymly ýatlamalary döreder.

Bölümdäki bahar paslynyň joş alýan pursatlarynda gül-gülzarlyga beslenen ýaşyl ýaýlalaryň şekiliniň hem surata düşýänleriň gyzyklanmasyna mynasyp boljakdygy şübhesizdir. Bahar paslynda türkmen kalbyna çalymdaş sähralar haly düşelen ýaly keşbe eýe bolýar. Gülleriň içinde bedew bilen surata düşmek, hususan-da, ýaşlarda ýatdan çykmajak duýgulary döreder. Garagum sährasynyň ýakymly görnüşleri ak alaňlaryň üstünde gezelenç edýän bedewiň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu şekiller eýer-esbaba beslenen bedewleriň gözelligi bilen utgaşýar. Gyş paslynda belent dag gerişlerine düşen garyň gözelligini synlamak hem ýakymly bolsa gerek. Gar düşen dag eteklerinde bedew bilen surata düşmek her bir ynsan üçin täsirlidir.

Gahryman Arkadagymyz bu görnüşleri synlap, toplumyň bu künjeginde ýaşlaryň surata düşmekleri, bagşy-sazandalaryň şekilli görnüşleri ýazgy etmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu görnüşler täze durmuşa gadam goýýan ýaş çatynjalar üçin bagtyýar durmuşa ajaýyp badalga bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde atlar üçin iýmitleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanýan käşir, alma baglary ýetişdirilýär.

Milli Liderimiz käşir ýetişdirilýän meýdanyň ýanyna geldi. Bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow toplumyň çäginde atlar üçin ot-iýmlik ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýändigi, şu ýyl käşiriň hem-de almanyň ýerli görnüşleriniň bol hasylynyň kemala getirilendigi barada maglumat berdi. Hususan-da, sahawatly toprakda käşiriň ilkinji hasylynyň alnandygyny bellemek gerek.

Milli atşynaslyk tejribesiniň görkezişi ýaly, käşir bedewleriň esasy höreginiň biri bolup durýar. Ol bedewiň sazlaşykly ösüşinde, bedeniniň berkliginde, boýunyň kadaly ösmeginde we sagdynlygynda möhüm iýmit hökmünde ykrar edilen. Aýratyn-da, dag etegindäki toprakda ösdürilip ýetişdirilen käşiriň ýokumlylyk derejesi örän ýokarydyr.

Bu ýerde atlar üçin niýetlenen alma baglary-da ösdürilip ýetişdirilýär. Milli atşynaslyk ýörelgeleriniň, köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, alma hem bedewler üçin örän ýokumly hasaplanýan, ekologik taýdan arassa iýmitleriň biridir. Almanyň türkmen topragynda ýetişdirilýän ýerli sorty gadym döwürlerde-de bedewler üçin ähmiýetli iýmit saýylypdyr.

Gahryman Arkadagymyz käşiriň hem-de almanyň ýokumlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny, olaryň sagdynlygy, bogunlaryň berkligini üpjün etmekde we güýç toplamakda ähmiýetli iýmit hasaplanýandygyny belläp, bedewler üçin niýetlenen ot-iýmlik ekinleriň çägini giňeltmek ýaly şeýle tejribäniň Arkadag şäherinde hem ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Şunda ýaşlaryň başlangyçlaryny öwrenmek, aýratyn-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilim alýan talyplaryň arasynda bu ugur boýunça bar bolan tejribeleri özleşdirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmegi ähmiýetli bolar.

Şol pursatda açyk ýataga çykarylan bedewleriň joşguny has-da artdy. Ynsan gylykly nurana bedewler giň ýatagyň içinde ikiýana çapdylar. Olaryň hyjuwynda, joşgunynda ýurdumyzyň okgunly ösüşi, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygy öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň akylly bedewi özüne bildirilýän hormaty duýýan mysaly has-da joş aldy. Onuň giň athananyň içinde ýüzin salyp çapmagy öňde goýlan maksada ýetmäge bolan hyjuwynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bedewiň bu joşgunynda özleri üçin döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklere hoşallyk alamatlary duýulýar.

Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine aýratyn mähir bilen garaýan Gahryman Arkadagymyz bu görnüşleriň bedew bilen ynsanyň ýakyn arabaglanyşygynyň, behişdi bedewleriň wepadarlygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi. Bu görnüşlerde zähmetsöýer halkymyzyň bedew atlaryna buýsanjy we söýgüsi, bedewleriň bolsa eýesine bolan wepaly gatnaşygy öz beýanyny tapdy. Munuň özi ýurdumyzda ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleri we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.