22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk milletiň buýsanjydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary, talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň energetika pudagynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksatnamasyna umumy mejlis hem-de «Garaşsyzlyk bagtyň şuglasy», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet we energetika menejment», «Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagynyň ösüşi» we «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalary» diýen bäş sany ugurdaş bölümçeler girizildi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-e golaý ylmy çykyşlar diňlenildi.
Çykyşlarda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» ykdysadyýeti we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek maksady bilen mümkinçilikleri giňeltmek hem-de bilimi ýokarlandyrmak boýunça möhüm meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Energiýany tygşytlamagyň ähmiýeti, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bu ugurda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Duşuşyga gatnaşanlar energiýa netijeliligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hünär derejesindäki pikirleri hem-de gymmatly tejribeleri alyşdylar.
Ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň öňde goýlan wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek we ýaş hünärmenleri bu ugurdaky giň gerimli işlere çekmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere aýratyn üns berildi.
Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Kuwwat» talyplar döredijilik topary tarapyndan taýýarlanylan baýramçylyk konserti boldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.