Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

view-icon 1244
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

...Maslahat köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, olary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyndaky möhüm waka — ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, merdana türkmen halkymyza gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew batly ösüşini ynamly dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna degişli wajyp soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylandygyny yglan etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip: “Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris” diýdi.

“Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny, milli mertebesini belende göterýän bu şanly sene biziň her birimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Biz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça belent maksatlary goýduk” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyň görkezdi.

“Garaşsyzlygymyzy gorap saklamak we berkitmek biziň beýik maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu beýik maksat üçin, döwletimiz, halkymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz üçin ak ýürekden gulluk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin netijeli işler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy döredildi, döwletimiziň konstitusion gurluşy has-da kämilleşdirildi. Ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyz bilen birlikde milliligimizi gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler amala aşyryldy.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, watandaşlarymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, saglyk merkezleri, döwrebap etraplar, şäherler we obalar guruldy.

“Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek, sebitlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlary we halklary hormatlamak daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitlendi. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe toplady.

Ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň hatyrasyna gönükdirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

“Men bularyň ählisini biziň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly baha, ýokary ynam diýip hasap edýärin” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterlililigini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we beýleki ählumumy soraglar boýunça amala aşyrýan işlerimiz döwletimizi dünýäniň syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdy hökmünde ykrar edýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilen sepgitler, ilkinji nobatda, döwletliligimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Bu döwürde milli maýa goýum strategiýasy netijeli amala aşyrylyp, Türkmenistanda döwrebap täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Ýurdumyzda senagat pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň baş ugry hökmünde amala aşyrylýar.

“Bu ugurda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda iri senagat desgalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orna eýedir. Bu senagat desgalarynyň ählisi ahyrky netijede raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, «Balkan», «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy öz önümleri bilen ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyna we importyň ornuny tutýan önümçilige ägirt uly goşant goşýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Ýurduň obasenagat pudagyny ösdürmek bilen pagta we galla hasylyny ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar.

Energetika senagaty hem ýokary depginde ösdürilýär. Täze gazturbinaly elektrik stansiýalary gurlup, Gün, ýel stansiýalary ýaly innowasion taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagatydyr. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa kärhanalary ýokary hilli mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär.

Gahryman Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hem yzygiderli ösýändigini belledi. Täze-täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmaga, halkara energetika bazarlaryna iberilýän harytlaryň möçberini hem-de ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen strategiýadyr.

“Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu transmilli taslama ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine we doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bolsa ýurdumyzyň tebigy-serişde binýadynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ägirt uly gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi tebigy gazyň ýurduň içine hem-de halkara bazarlara ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän desgalary döretmegi göz öňünde tutýar. Bu tapgyryň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmek bilen, gazyň çykarylyş möçberlerini, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer. Ýurdumyzyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider.

Bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi geçen 18 ýylyň içinde 30 müňe golaý agzany özünde jemleýän iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Birleşmäniň agzalary tarapyndan gurlan 1500-den gowrak senagat ugurly önümçilik hereket edýär. Olar plastik, metal önümleri, gurluşyk materiallaryny, dürli himiýa önümlerini, haly önümlerini, elektroenjamlary, öý harytlaryny, mebelleri we azyk önümlerini öndürýän köp sanly kiçi we orta zawodlary öz içine alýar.

Ýurdumyzyň senagat düzüminde täze ugurlar hem açylýar. Şolaryň biri-de elektron senagatydyr. Elektron senagaty milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen ýurdumyzda giňden ösdürilýän täze we innowasion pudakdyr.

Häzir ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli elektron senagatynyň döredilmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Innowasion, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.

“Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň elektron senagaty döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dürli görnüşli we ýokary hilli önümleri öndürýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Bellenilişi ýaly, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hem uly ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzda döwrebap senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk önümleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edýär.

“Ýurdumyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýanyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklerde ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny nygtady. Dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda hem-de sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzy, olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçileri sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi. Ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

“Men bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagymda giňişleýin durup geçdim. Döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini möhüm hasap edýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralary gurulýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebi, çagalar bagyny hem-de sport binasyny öz içine alýan desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar toplumy kämil ýaşlaryň ýetişmegini üpjün edýän okuw-usulyýet toplumyna öwrüler. Bu bolsa ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli we sagdyn bedenli bolmagyna giň ýol açar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan orta mekdepde we çagalar bagynda ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işi ýola goýlar. Şeýle hem bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmegi bilim-terbiýeçilik işinde örän netijeli bolar. Dünýä tejribesinden ugur alyp, halkara talaplara laýyk gelýän bu orta mekdepde we çagalar bagynda ýaş neslimize kämil, döwrebap hünär taýýarlykly pedagoglaryň bilim-terbiýe bermegi möhüm bolup durýar.

“Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly we bu ugurda degişli işleri geçirmeli. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary hünärli pedagogik işgärleriň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, okuw dersleri boýunça mugallymlara bolan islegiň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermeli. Netijede, pedagogik ugurly bilim edaralarynyň uçurymlary orta mekdeplerde we çagalar baglarynda öz alan bilimi we başarnyklary boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşarlar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadyndaky ylmy merkezlerde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde goşmaça maliýe serişdeleri gazanylýar. Netijede, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki hem-de ylmy binýadyny berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz maliýe serişdelerini ylym-bilim bilen bagly işlere, aýratyn hem, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirmegi maslahat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, durmuş syýasaty, öňi bilen, zähmeti goldamaga we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Köp çagaly maşgalalara, hossarsyz çagalara, weteranlarymyza giňden goldaw berilýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň syýasy hem durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi gadymdan gelýän ynsanperwer däplerimiziň täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň we yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

“Her bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, her bir jemgyýetiň sagdynlygy, ilkinji nobatda, adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, öňdebaryjy saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmaga, halkyň saglyk ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä belli meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda netijeli işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýerli çig mallar esasynda ýokary hilli lukmançylyk we sarp ediş serişdelerini öndürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýär. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady.

“Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» diýlişi ýaly, halkymyz ähli haýyr işleri bedew bilen baglanyşdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Şu ýyl Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy ajaýyp waka boldy. Atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz dünýä döwletleriniň birnäçesinde atlar we atçylyk sungaty bilen bagly geçirilen halkara maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.

“Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda aýratyn möhüm waka boldy. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Bu zatlaryň ählisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýäde uly meşhurlyk gazanan behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Bellenilişi ýaly, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik üstünlikleri bütin dünýä aýan edýän iri şähergurluşyk taslamasydyr. Şäherde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam mümkinçilikleri raýatlaryň ýaşaýyş derejesini täze belentliklere göterýär.

“Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanarys. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, azyk, senagat önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin kärhanalar hem gurulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barmalydyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolmalydyr. Biziň eziz Watanymyz — bagtyýarlygyň we döwletliligiň mekanydyr. Bu gadymy hem mukaddes toprakda pederlerimizden miras galan agzybirlik bar, halallyk bar.

“Berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir. Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz hem-de hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilendir. Biz geljekde hem alyp barýan bu syýasatymyzy üstünlikli dowam etdireris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşyny tamamlamak bilen, mejlise gatnaşyjylara hem-de mähriban halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Gahryman Arkadagymyz olara öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen soraglar boýunça çykyş etjek adamlara söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gutly Ballyýew çykyş etdi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerinden ugur alyp, her bir tutumly işde ýaşulular hem-de halkymyz bilen maslahatlaşmagy ýaşuly nesil üçin uly mertebedir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi pederlerimiziň mukaddes däpleriniň we halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, halkara saglyk merkezleriniň, bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Şu ýyl ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň uly zähmet ýeňşini gazanyp, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine toý sowgady boldy» diýip, G.Ballyýew sözüni dowam etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmeginiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän metjidiň adynyň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän sahawatly işlerine bolan buýsanjyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy G.Ballyýew pursatdan peýdalanyp, her ýylda ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmeklerine döredilýän şertler üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi. Ol ýaşlarymyzyň Watana wepaly, milli ýörelgelerimize ygrarly, zähmetsöýer, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ýaşuly nesliň adyndan ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Perhat Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan halkara giňişlikde sebit we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň beýanydyr.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofik taglymatlary tutuş dünýäde durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde parahatçylygyň ýeke-täk ygtybarly gural bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

P.Çaryýew çykyşyny dowam edip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy okuw sapagynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy köklerini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny beýan edendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen eserleri ýurdumyzyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny aýdyň beýan edýär.

P.Çaryýew Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi we ajaýyp goşgy setirleri bilen sözüni jemledi.

Soňra Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Maýagözel Akmämmedowa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak hem-de adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmak we saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Nygtalyşy ýaly, Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmekde alyp barýan işiniň halkara giňişlikde ykrar edilýändigi buýsanç bilen bellenildi.

M.Akmämmedowa Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we şahyrana setirler bilen çykyşyny jemledi.

Soňra “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşykçysy Abdylwepa Araztuwakowa söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden gözbaş alýan döwlet syýasatynyň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň strategik ulag-logistika çatrygynda ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeltmekde ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, halkara söwda gatnaşyklarynyň täze ugruny açýar.

Ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrmakda gurluşygy tamamlanan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly aýratyn ähmiýete eýedir. Uzynlygy 600 kilometr bolan bu ägirt uly taslama diňe bir milli bähbitlere hyzmat etmän, eýsem, halkara ähmiýete eýe bolup, goňşy döwletlere Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmaga giň ýol açýar. Ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Gadamly» atly täze gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi Türkmenistanda deňiz we derýa ulaglarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

A.Araztuwakow Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.

Soňra Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ussasy Batyrguly Çaryýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de bu maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, senagat kärhanalary, awtomobil ýollary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, B.Çaryýew hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmeginiň, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine ajaýyp sowgat bolandygyny belledi.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy diňe bir içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, goňşy döwletlere-de eksport edilýär.

Bellenilişi ýaly, himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Soňky ýyllarda açylyp ulanmaga berlen himiýa kärhanalary, şeýle hem Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurluşyklaryna badalga berilmegi ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyry, Mary welaýatynda mineral dökünleri öndürýän zawod pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrar.

B.Çaryýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de sözüni goşgy setirleri bilen jemledi.

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Batyr Ataýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgeleriniň kämil nusgasyna öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy taryhy nukdaýnazardan möhüm ähmiýete eýedir. Bu şygarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, gazanýan taryhy üstünlikleri, pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlary jemlenýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda harby ulgamda hem taryhy özgertmeler amala aşyryldy. Milli Ýaragly Güýçlerimiz has-da kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Bu bolsa dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden ugur alýan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň parahat durmuşyny goramakda Ýaragly Güýçlerimiziň möhüm ornuny has-da pugtalandyrdy.

«Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Watan goragçylaryny sylaglamak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümi üçin taryhy waka öwrüldi» diýip, harby gullukçy B.Ataýew nygtady. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Munuň özi Watan goragçylaryna goýulýan belent hormatyň nyşanydyr.

Ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly durmuş ýoly harby gullukçylar üçin görelde mekdebidir.

Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy B.Ataýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin aýratyn hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsanç bilen geçjekdiklerini aýtdy we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýlar Gylyjowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň we şertleriň netijesinde, türkmen ýaşlary halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Her ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi döwletimiziň kuwwatynyň we ýaşlaryň röwşen geljeginiň berk binýadydyr.

A.Gylyjowa Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda watançylyk, durmuş, jemgyýetde öz ornuňy tapmak, edep-terbiýe bilen bagly geçen umumy okuw sapagynyň ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenendigini aýtdy hem-de Milli Liderimiziň atalyk maslahatlaryna, pentlerine we öwüt-nesihatlaryna wepaly bolup, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da dabaralanmagy ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby A.Gylyjowa Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we şahyrana setirler bilen sözüni jemledi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, şu günki taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşymyzdaky örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, olar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini, mejlisde çykyş edenleriň ählisiniň öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny aýtdy hem-de çykyş edenlere we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän ýerine — Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde dutarçylar toparynyň çykyşy ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyzy Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

“Kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda, milli ykdysadyýetimiz yzygiderli ösdürilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ykdysadyýetimizi kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, raýatlarymyzyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar. Telekeçilik işini ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär.

“Döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we ýeňillikler üpjün edilýär. Ýurdumyzda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär. Biziň öňümizde goýýan esasy wezipämiz geljekki ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary ederis” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň maliýe bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berýäris. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär.

“Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar. Biz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň alyp barýan maýa goýum syýasatymyz ykdysadyýetimizi depginli ösdürmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyzda maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

“Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 31,5 göterimi goýberildi. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, şeýle hem hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy. Geljekde hem ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis. Bu durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebitgaz toplumynyň işini dünýäniň soňky gazananlary esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, täze ýataklary özleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

“Bu gaz käniniň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornuny berkitmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Bu taryhy taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberlerini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berer. Umuman, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň energetika we durmuş syýasatynyň iň iri taslamalarynyň biridir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar, gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberleri hem-de görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.

“Şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizip, gurluşyk pudagynyň binýadyny has-da berkideris. Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumy, Balkan welaýatynyň «Balkanabat» ýod zawodynda tehniki ýod we brom hem-de tehniki uglerod öndürýän täze önümçilik desgalaryny, «Guwlyduz» kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürýän önümhanany gurmak meýilleşdirilýär.

“Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

“Şeýle hem şu ýyl biz möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermegi meýilleşdirýäris. Umuman, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy öňdebaryjy senagat we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmegi maksat edinýär” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösen senagaty ykdysady we durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen, “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” kabul edilmegi döwrüň talaby bolup durýar.

“Biziň alyp barýan durmuş syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlaryny, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan «akylly» şäher — Arkadag şäheri abadan hem bagtyýar durmuşymyzyň görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem «akylly» şäherleri döretmek ugrunda netijeli iş alyp bararys” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, üstünliklere beslenýän ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berildi. Şu ýyl Aşgabat şäherinde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda açylyp ulanmaga beriljek döwrebap obada hem bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler.

“Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu üstünlikler biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesidir, ýagny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny berkitmek, gaýtadan işleýän ýeňil senagaty çig mal bilen üpjün etmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bellenilişi ýaly, ylmy-barlag institutlary tarapyndan ekerançylyk, maldarçylyk we tohumçylyk babatda düýpli ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär. Şu ýyl Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki döwrebap barlaghana binasy hem ulanmaga berler. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmek, hereket edýän suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly işlere hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar, her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu zähmet üstünligi ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren ussat gallaçy daýhanlarymyzy gazanan netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň, düýeleriň baş sany yzygiderli artdyrylýar.

“Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýan halkdyr. Behişdi bedewlerimiz parahatçylygyň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup durýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde giň gerimli halkara çäreler geçirildi.

“Ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini dowam etmek maksady bilen, ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy boýunça Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky alyp barýan işlerimizi has-da kämilleşdirmäge ýardam berer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip, söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar. Bazarlary öz ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk, azyk we beýleki sarp ediş harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşanly ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmäge hem möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýyl paýtagtymyzda köp sanly häzirki zaman söwda we hyzmatlar öýleri açylyp ulanmaga berler.

“Ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary söwda hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine milli sergimiz bilen gatnaşarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly, dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm işler alnyp barylýar, ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek bilen, halkara talaplara laýyk gelýän eksport önümçiligi giňeldilýär. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek üçin zerur işler geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde hususy pudagyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ulag we aragatnaşyk toplumynda hem giň gerimli maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamy ýurdumyz we sebitiň döwletleri üçin ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Emeli aň» tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenip, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

“Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, milli deňiz söwda floty yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata berildi. Biz ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini mundan beýläk hem dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen okuw sapagynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyza öz gymmatly oý-pikirlerini, öwüt-nesihatlaryny berdi. Birnäçe tekliplerini, garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmeginiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi, şeýle hem ýurdumyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary ýaşlarymyz üçin öz gapylaryny giňden açdy.

“Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezi bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny, zehinini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrüler. Biz geljekde hem ýurdumyzda ýene-de köp sanly döwrebap bilim edaralaryny gurmagy dowam ederis. Munuň özi bilim ulgamynda alyp barýan işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiz innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklaýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini, hilini ýokarlandyrmak arkaly pudagyň işi has-da kämilleşdirilýär. Dünýä meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

“Şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününe gabatlap, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbi tutular. Şeýle hem ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmak meýilleşdirilýär.

“Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadasyny emele getirmek, köpçülikleýin sporty has-da ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşini üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekde hem türgenlerimiziň halkara derejeli ýaryşlarda döwletimiziň halkara sport abraýyny belende galdyrjakdyklaryna, watansöýüjiligiň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzda dürli medeni çäreler, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, edebi mirasymyza bagyşlanan ylmy maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçirildi. Geljek ýyl bolsa Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bularyň ählisi medeni diplomatiýamyzy Ýer ýüzüne giňden dabaralandyryp, dünýä halklary bilen dostluk we parahatçylyk köprülerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini nygtady. Munuň özi daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny görkezýän taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

“Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler” diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugry ýylsaýyn uly abraýa we hormata eýe bolýar, bütin dünýäde giň goldaw tapýar.

“Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçen okuw sapagynda hem Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Bitaraplyk we parahatçylyk kafedrasynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi, bu ýerde parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek üçin geňeşmeleriň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetiniň döredilmegi bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmakda möhüm ädim bolar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz Bitaraplygy bilen halkara we sebit ýagdaýlarynyň birnäçesini parahatçylykly ýol bilen çözmäge uly goşant goşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyny kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi we bu resminamanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Mejlisiniň işiniň hem giňden ösdürilýändigini, milli kanunçylygymyzyň halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady.

“Garaşsyz ýurdumyzyň Mejlisi raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak zerurdyr. Şeýle hem täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri diýip hasap edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sanlyja günden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň giňden dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigini we şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen, degişli Permana gol çekiljekdigini aýtdy. Permana laýyklykda, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-nji, 28-nji, 29-njy sentýabrda Garaşsyzlyk baýramy bellenilip geçiler.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza rowaçlyklary arzuw etdi.

“Goý, Garaşsyz döwletimiziň dünýädäki at-abraýy mundan beýläk-de belent bolsun! Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!” diýen şygarlar bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we Hökümet agzalarynyň ýerine ýetiren işlerini beýan edendigini aýtdy hem-de eden çykyşy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm ähmiýeti bolan Permandyr Kararlaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

«Ula hormat, kiçä sylag» diýlişi ýaly, ilki bilen, hormatly ýaşulularymyzy we enelerimizi sylaglamak hakyndaky, zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar, şeýle hem halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, degişli Perman işlenip taýýarlanyldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi gorap saklamaga hem-de berkitmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli konsepsiýa işlenip taýýarlandy.

Şeýle hem arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyny geljekde hem dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan bu işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» işlenip taýýarlandy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizden bu resminamalara gol çekmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ertir sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.

Soňra arakesme yglan edildi. Arakesmede Söwda-senagat edarasynyň binasynda toý sadakasy berildi.

Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün «Geňeşli il — döwletli il» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilýändigini, häzir bolsa bilelikde toý sadakasynyň berilýändigini belledi.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işlerimizi giňden beýan etdi. Ýurdumyzy ösdürmekde öňümizde duran möhüm wezipeleri kesgitledi.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, şu gün ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, türkmeniň gadymy däp-dessurlarynyň berjaý edilýändigini, bularyň hemmesiniň sogap, parz işlerdigini belläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy.

Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi. Duz-tagam dadylandan soňra, toý töwiri okalyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy we Türkmenistanyň abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan saglygy, olaryň ähli asylly işleriniň we başlangyçlarynyň üstünlige eýe bolmagy dileg edildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işi ýerine ýetirdik, öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik diýip belledi we şu günki berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

“Toýlarymyz toýa ulaşsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Arakesmeden soňra, mejlis öz işini dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlary esasynda sylaglary gowşurmak dabarasyna başlamagy, Halk Maslahatynda däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we enelerimize mynasyp bolan sylaglary gowşurmagy teklip etdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.

Permanlary okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşululara hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri, şeýle hem dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan ýaşulular we mähriban eneler özleriniň zähmetine berlen ýokary baha hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada edýän aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk arzuw etdiler.

“Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Aknabat Amanowa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, mähriban eneleriň mukaddeslige, maşgalanyň bolsa şol mukaddesligiň gözbaşyna deňelýän eziz Watanymyzda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň nesilleri terbiýelemegiň iň uly bagtdygyny buýsanç bilen belledi.

“Biz — eneler maşgala ojagynyň synmaz sütüni, ähli türkmen zenanlarynyň nusgalyk göreldesi, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň zehininden dörän sungat eserine meňzeş el işlerini dowam edip, nesilden-nesle geçirmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys” diýip, A.Amanowa aýtdy.

Sylaga mynasyp bolan ene “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylandygy üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdi.

Soňra “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen belent ada mynasyp bolan «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Paýaýew Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda milli atçylyk syýasatyny mynasyp dowam etmekde asylly işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi türkmen atşynaslary bilen birlikde, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň atşynaslary üçin hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ýewropada ahalteke atlarynyň şanyna uly toý tutuldy. Bu toý ahalteke bedewlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan dünýäniň ähli atşynaslaryny bir ýere jemledi, olar türkmen atşynaslary bilen dostlaşdylar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli atşynaslaryň adyndan sagbolsun aýdyldy.

A.Paýaýew özüne “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen belent adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýaşulularyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizde Watana bolan söýgini, zähmetsöýerligi terbiýelemekde, şeýle hem milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny wagyz etmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz jemleýji söz bilen çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip: “Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde siziň bilen örän möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitledik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen resminamalary kabul etdik” diýip belledi.

“Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde, jebislikde üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni jemledi.

Gahryman Arkadagymyz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de mähriban halkymyza, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

***

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mejlisiň üstünlikli geçmegi hem-de halkymyzyň parahat, asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary-da ýurdumyzyň okgunly ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyran bu mejlisiň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi hem-de ýetip gelýän baýram — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.