Ï Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 3239
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.