Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 1049

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki birnäçe ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialog bu hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depgininiň möhüm şerti bolup durýar.

Şunuň bilen bir hatarda, Milli Liderimiz özüniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalarda gatnaşyklary giňeltmek üçin pugta binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy munuň aýdyň beýanydyr.

Bu sammitler şu formatlara gatnaşýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmakda möhüm tapgyra öwrüldi. Ýokary derejedäki duşuşyklar ýurtlarymyzyň parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara ynamy, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge umumy ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassyklady diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ösdürmek, ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek, şeýle hem energetika ulgamynda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda, daşky gurşawy goramakda we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça öňe sürlen teklipleriň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Türkmenistandan soňra GDA-da başlyklyk etmegiň Özbegistana geçmeginiň aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdygyny hem-de many-mazmuna eýedigini belledi we Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň doganlyk Özbegistanyň GDA-da başlyklyk etjek ýylynda iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada geçirilen sammitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm ugurlaryň, hususan-da, GDA-nyň giňişliginde ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, azyk we energetika howpsuzlygyny berkitmek, ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, şeýle hem ynsanperwer ulgamda we häzirki zaman transmilli wehimlerine, şol sanda kiberjenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe teklipleriň beýan edilendigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň çäklerinde we ondan daşarda parahatçylygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi berkitmek üçin goşmaça mümkinçilikleriň açylýandygyna ynam bildirdi hem-de ileri tutulýan bu ugurlary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Türkmenistanda guralan ýokary derejeli forumlaryň çäklerinde halkara ähmiýetli başga-da birnäçe möhüm maslahatlaryň, duşuşyklaryň we bäsleşikleriň geçirilendigini, şunda bilelikdäki medeni çärelere uly üns berlendigini belledi hem-de «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginde Özbegistanyň wekiliniň baş baýragy gazanandygyna şatdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewi bu şanly waka bilen gutlap, şeýle çäreleriň halklaryň ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, däp-dessurlarynyň wagyz edilmegine hem-de baýlaşmagyna ýardam edýändigini we netijede döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.