Ï «Türkmennebit» döwlet konserni maýadarlary Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmennebit» döwlet konserni maýadarlary Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

view-icon 618
«Türkmennebit» döwlet konserni maýadarlary Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT-2026) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň çykyşynda ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklar mümkinçiliklerini görkezmäge, tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we milli nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn üns berildi.

Halkara maýa goýumlary üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek görkezildi. Bu çäk 30-dan gowrak ygtyýarnama bloklaryna bölünýär.

B. Jumaýew mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň tertibini düşündirdi.

Şoňa görä, mümkin bolan maýadar özüni gyzyklandyrýan blok boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi arza berýär. Arza berijiniň hünär derejesine bildirilýän talaplara laýyklygy barlanylandan soň, maýadar göni gepleşiklere çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn şertnama baglaşylýar. Şertnamanyň görnüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesi göz öňünde tutulyp, anyk wezipelere laýyklykda kesgitlenýär.

– Türkmenistanyň kanunçylygy nebit işlerini amala aşyrýan daşary ýurtly maýadarlaryň esasy kepilliklerini we hukuklaryny üpjün edýär. Ilki bilen, bu diňe peýda salgydyny we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin tölegleri göz öňünde tutýan, beýleki ähli hökmany ýygymlardan boşadylmagy üpjün edýän ýeňillikli ýönekeýleşdirilen salgyt ulgamydyr – diýip, döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary belledi.

Maýadarlar üçin goşmaça artykmaçlyklaryň hatarynda degişli enjamlaryň importy we eksporty boýunça şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hökmany bellige almak talabyndan boşatmak, şeýle hem zerur materiallara we gazyp alnan uglewodorodlara gümrük paçlaryny ýatyrmak görkezildi.

Çykyşynyň ahyrynda B. Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň netijeli we konstruktiw dialoga açykdygyny, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.