Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

view-icon 76

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi — yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Begmyrat Rejepdurdyýewiç Halwatjanowa,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Agamämmedowiç Bäşimowa.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.