«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň esasy ulag ýollaryny giň gerimde döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu infrastruktura taslamasynyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzy ýurduň demirgazyk sebiti bilen birleşdirýän awtomobil ýolunyň geçirijilik ukybyny ep-esli ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara standartlaryna laýyklykda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.