Ï Ekologiýa we maýa goýumlary: Türkmenistan Hazar deňzi bilen bagly meselelerde ylmy çemeleşmäni we tagallalaryň birleşdirilmegini goldaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa we maýa goýumlary: Türkmenistan Hazar deňzi bilen bagly meselelerde ylmy çemeleşmäni we tagallalaryň birleşdirilmegini goldaýar

view-icon 209
Ekologiýa we maýa goýumlary: Türkmenistan Hazar deňzi bilen bagly meselelerde ylmy çemeleşmäni we tagallalaryň birleşdirilmegini goldaýar

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT-2026) atly her ýyl geçirilýän halkara maslahat we sergi boldy. Forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, göni maýa goýumlaryny çekmek we pudagyň strategik wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin däp bolan abraýly meýdança bolup hyzmat edýär. Şu ýylyň gün tertibinde ekologiýa howpsuzlygy we deňiz ýataklaryny durnukly özleşdirmek meselelerine aýratyn orun berildi.

«OGT-2026» forumyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi we onuň senagat-ykdysady infrastruktura ýetirýän täsiri bilen bagly umumy sebit meselesine bagyşlanan çykyşy çekdi.

Sebitde tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň kadalaryny kesgitleýän esasy resminama 2018-nji ýylda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bolup durýar. Şeýle-de bolsa, deňziň çuňlugynyň we kenar çyzygynyň görnüşiniň yzygiderli üýtgemegi nebitgaz pudagyna gönüden-göni täsir edýän täze töwekgelçilikleri döredýär.

Deňziň derejesiniň üýtgemegi bilen baglylykda kenarýaka infrastrukturasyna howplar ýüze çykýar. Bu ýagdaý kenarýaka önümçilik kärhanalarynyň durnuklylygyna, deňiz gämileriniň hereketi üçin niýetlenen ýakynlaşma kanallarynyň we deňiz portlarynyň işine täsir edýär.

Şeýle hem deňizdäki kenardan uzakda ýerleşýän desgalara howp abanýar. Suwuň derejesiniň peselmegi deňiz platformalarynyň, suwasty turbageçirijileriň we beýleki gidrotehniki desgalaryň ulanylyş şertlerine täzeden garamagy talap edýär.

M. Atajanowyň nygtaýşy ýaly, häzirki şertlerde ylmy taýdan esaslandyrylan baha beriş işleri uýgunlaşma çärelerini işläp taýýarlamagy we desgalaryň taslamalaşdyrmak tapgyryndan başlap, uzak möhletleýin ulanylyşyna çenli ähli döwürlerde olaryň gowşak taraplaryny seljermegi göz öňünde tutmalydyr.

«Ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme diňe bir ekologiýa we tehniki töwekgelçilikleri azaltmaga däl, eýsem, öňünden çaklamaklygy ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýär. Bu bolsa uzak möhletleýin maýa goýumlary üçin örän möhümdir. Ykdysady netijeliligiň, tehnologik ygtybarlylygyň we ekologiýa jogapkärçiliginiň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Hazar deňziniň bölegini özleşdirmek üçin zerur şert bolup durýar» diýip, ylmy institutyň ýolbaşçysy belledi.

Ýüze çykan ýagdaýyň çözgüdine gönükdirilen amaly çäreleriň biri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen bagly meseleler boýunça ýörite toparyň işiniň ýola goýulmagy bolar. Bu topary döretmek baradaky çözgüt ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ilkinji Hazar ekologiýa sammitinde bäş sany Hazarýaka döwletiň Baştutanlary tarapyndan kabul edildi.

Täze düzümiň esasy wezipesi obýektiw ylmy maglumatlara esaslanýan ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Sebäbi Hazar deňzi bitewi ekoulgam bolup, ondaky howa we gidrologik hadysalar döwlet serhetleri bilen çäklenmeýär.

Bu işleriň ulgamlaýyn esasyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny» işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy düzmelidir.

«Bu resminamanyň kabul edilmegi ylmy maglumatlaryň we gözegçilik usullarynyň yzygiderli alşylmagyny ýola goýmaga, ýokary derejeli hünärmenleri bilelikde taýýarlamaga, şeýle hem iri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer» diýip, spiker düşündirdi.

«OGT-2026» maslahatynyň wekilleri diňe ylmy tagallalaryň, döwletiň we işewürlik düzümleriniň birleşdirilmeginiň Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak bilen birlikde, onuň baý uglewodorod serişdelerini netijeli we howpsuz özleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi barada umumy pikire geldiler.