Ï Daşky gurşawy goramak – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşky gurşawy goramak – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

view-icon 48
Daşky gurşawy goramak – Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmäge, tebigy baýlyklary gorap saklamaga we raýatlaryň ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Bu ýörelgäniň düýpli binýady türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tutuldy we umumymilli möhüm wezipä öwrüldi. Häzir bu asylly we strategik taýdan uly ähmiýete eýe bolan işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edip, öňdebaryjy «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we toplumlaýyn daşky gurşaw maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi arkaly hil taýdan täze, ýokary derejä çykaryldy.

Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça yzygiderli geçirilýän ählihalk bag oturtmak çäreleri bu ugra eýerilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň ýazynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň işjeň gatnaşmagynda we giň gerim bilen bag oturtmak möwsümi geçirilip, onuň dowamynda ýüzlerçe müň düýp pürli, ýaprakly we miweli bag nahallary oturdyldy. Häzirki wagtda şäherleriň we obalaryň töwereklerindäki ýaşyl zolaklary giňeltmegi dowam etmäge hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berjek güýzki bag oturtmak çäresine işjeň taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen bir hatarda, Türkmenistan halkara giňişliginde hem ekologiýa gün tertibini işjeň öňe sürýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ekologiýa sammiti tebigaty goramaga degişli wajyp wezipeleri çözmekde döwletiň uly abraýyny tassyklan taryhy ähmiýetli waka boldy. Sammitiň çäklerinde Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň serişdelerini aýawly ulanmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy hereket etmek baradaky möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň sebitde ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Bu işlerde Hazaryň bioköpdürlüligini we özboluşly deňiz gurşawyny gorap saklamak aýratyn orun tutýar. Tähran konwensiýasynyň güýje girmegine bagyşlanylan her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi bu tebigy göwhere aýawly garamagyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanda bu sene ýokary döwlet derejesinde bellenilýär hem-de «Awazada» halkara ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we ekologiýa çäreleri geçirilýär. Olar Hazar giňişligini goramak meselelerine jemgyýetiň ünsüni çekmäge we köptaraplaýyn gepleşikleri giňeltmäge gönükdirilendir.