Ï Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 69
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň çäginde maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +26 gradusa çenli ýokarlanar. Emma ýurdumyzyň welaýatlarynda gijelerine howanyň temperaturasynyň peselmegine garaşylýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +17...+19 gradusdan +22...+24 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +5...+7 gradusdan +10...+12 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +15...+20 gradusdan +21...+26 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +2...+7 gradusdan +7...+12 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +20...+25 gradus maýyl, gijelerine +6...+11 gradusdan +10...+15 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerinde gündizlerine howanyň temperaturasy +16...+21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +16...+21 gradusdan +21...+26 gradusa çenli maýyl, gijelerine howanyň temperaturasy 0...+5 gradusdan +6...+11 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +15...+20 gradusdan +20...+25 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa 0...+5 gradusdan +7...+12 gradusa çenli bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +10...+15 gradusdan +17...+22 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa -1...+4 gradusdan +3...+8 gradusa çenli maýyl bolar.