Ï Bitarap Türkmenistanyň strategiýasy: parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bitarap Türkmenistanyň strategiýasy: parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş

view-icon 81
Bitarap Türkmenistanyň strategiýasy: parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş

Geçen hepde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň yzygiderliligini şöhlelendirýän birnäçe wakalara beslendi.

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Dowam edýän oba hojalyk işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda pagtany ýitgisiz ýygnamagyň depginini çaltlandyrmak we bugdaý ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şeýle hem bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek kesgitlenildi.

Mundan başga-da, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmek, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gözegçilik etmek bilen bagly meselelere hem seredildi.

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Toplumyň düzümine dolandyryş binasy, nyzam meýdançasy, esger naharhanasy, esger ýatakhanalary, lukmançylyk nokady, açyk sport meýdançasy, päsgelçilik ýodasy, awtoulaglar üçin duralga, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalar degişlidir. Harby gullukçylardyr olaryň maşgala agzalary üçin jemi 96 hojalyga niýetlenen, her biri 48 öýli, 2 gatly 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz täze binalar we desgalar toplumynyň dolandyryş binasynda Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de olaryň häzirki zaman aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watan goragçylary üçin lukmançylyk nokadynda, esgerler ýatakhanasynda we naharhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp, täze ýere göçüp gelen maşgala bilen söhbetdeş boldy hem-de olara sowgatlary gowşurdy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň binalar we desgalar toplumyna täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, nebitgaz pudagynyň, halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy ýaly meseleler bar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň noýabr aýy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen wakalara baýdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergini we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän eksport ugurly önümler Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde geçiriljek «Fast Textile 2026» atly halkara sergide tanyşdyrylar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçiriler.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek, ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän Kararlara gol çekdi.

Geçen hepdede gol çekilen resminamalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Karar bar.

Ählumumy ösüşe gönükdirilen özgertmeleriň başyny başlaýjy bolmak bilen, ýurdumyz gyzyklanma bildirýän döwletler, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gepleşikleri giňeltmekde medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini üstünlikli ulanýar. 20-nji oktýabrda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we guramaklarynda öz işini 30-njy noýabra çenli dowam etjek «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Doganlyk ýurduň ussat suratkeşleriniň, dizaýnerleriniň saýlama eserlerinde tebigatyň gözelligi, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de ählumumy ähmiýeti bolan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.

Mundan öň, Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Oguljahan Atabaýewa bilen Leýla Aliýewanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Geýdar Aliýew adyndaky gazna tarapyndan guralan «Ene tebigat» atly sergini geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Oguljahan Atabaýewa sergide örän özboluşly, täsin işleriň jemlenendigine, Leýla Aliýewanyň işleriniň hem örän inçeden nepis işlerdigine ünsi çekdi hem-de serginiň sungatyň dilinde medeni gymmatlyklaryň ösmegine ýardam berýändigine, şeýle hem her kimiň öz-özüne: «Eýsem, men daşky gurşawy goramak üçin näme edip bilerin?» diýen sowaly bermegine kömek etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem söhbetdeşler çagalaryň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermek ulgamyny öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bolmagynyň dowamynda myhmana bejergi alýan çagalaryň saglygyny, şol sanda daýanç-hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek we beýleki zerurlyklar üçin bu ýerde döredilen mümkinçilikler, bölümlerde gurnalan enjamlaryň aýratynlyklary, alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň berildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konsertine bardylar.

«Ene tebigat» atly halkara serginiň açylmagynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda umumy kökler, ruhy we medeni gymmatlyklar hem-de dilleriň umumylygy baglanyşdyrýan ýurtlarymyzyň ynsanperwer ulgamda hem-de ekologiýa babatda hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýete eýedigi, şeýle hem tejribe alyşmak, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Saparyň medeni maksatnamasyna türkmen halkynyň gadymy we özboluşly sungatynyň üýtgeşik genji-hazynalary saklanýan Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç etmek hem girdi. Şeýle hem bu ýerde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanda häzirki döwrüň möhüm wezipesine bagyşlanan halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza we gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýene bir gezek çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we bu ýerden özleri bilen ýakymly ýatlamalary alyp gidýändiklerini nygtadylar.

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä DIM-niň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda bu kitabyň gadymdan bäri parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýoluna ygrarly bolan türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has giňişleýin düşünmek üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy bellenildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhy, medeni we ruhy taýdan ýakynlygyna daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilişine aýratyn üns berildi.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda 31-nji gezek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Halkara foruma dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1 müň 700-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň birnäçesi halkara foruma sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Sergi meýdançasynda dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň esasy gatnaşyjylary bolan iri kompaniýalaryň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi görkezilýär. Sergide Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenarýaka düzümleri kemala getirmek we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa ugry boýunça täzeçilliklere uly orun berildi. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň tanyşdyrylyş dabaralary kompaniýalara özleriniň tehniki mümkinçiliklerini görkezmäge, pudaklaýyn hünärmenler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga we täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge şert döredýär.

Halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde buraw işini işjeňleşdirmek, energetikanyň geljegi üçin hünärmenleri taýýarlamak, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligi we energetikanyň durnukly ösüşini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Forumyň çäklerinde utgaşykly görnüşde Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) ýolbaşçylarynyň we «Türkmenistan — Malaýziýa: energetika boýunça hyzmatdaşlyk» atly «tegelek stol» duşuşyklary geçirildi. Ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň maýynda we iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň taryhy ähmiýetli wakalar bolandygyny bellediler. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamasynyň ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine uly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýändigine üns çekildi. Forumyň dowamynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň çykyşy diňlenildi. Onda adam hukuklarynyň kanunçylyk kepilliklerine hem-de milli tejribe bilen halkara ýörelgeleriň sazlaşygyna aýratyn üns berildi.

24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary, şeýle hem metjidiň, kottejler toplumynyň, awtomenziliň we şäher seýilgähiniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Şekil taslamalarynyň hatarynda 30 müň adama niýetlenen Arkadagyň ruhy metjidiniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde guruljak desgalaryň görnüşleri, täze şäheriň seýilgähiniň çäginde goýulmagy meýilleşdirilýän dürli şekiller, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy göz öňünde tutulýan bedew heýkelleriniň görnüşleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze gurulýan desgalar boýunça häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasyny göz öňünde tutup, birnäçe tekliplerini beýan etdi we bu babatda ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary we daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm waka boldy.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ussat kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen at berildi, assosiasiýanyň täze agzalaryna bolsa agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ussat itşynaslary, kinologlary, hünärmenler, uniwersitetiň professor-mugallymlary, kinologiýa hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen esasy dabaralaryň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, hususy itşynas A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä bileleşigi bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýat döretmäge hem-de halkymyzyň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.