Ï Türkmen-hytaý gaz dialogy: «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara forumyň netijeleri we geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-hytaý gaz dialogy: «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara forumyň netijeleri we geljegi

view-icon 108
Türkmen-hytaý gaz dialogy: «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara forumyň netijeleri we geljegi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2026) çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri gaz pudagyndaky iki onýyllygyň dowamynda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler we täze taslamalary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

Bilelikdäki esasy taslamalaryň biri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry bolup durýar. «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bu taslama ulanyş guýularyny burawlamagy we ýylda 10 milliard kub metr gaz gaýtadan işlemäge ukyply zawody gurmagy göz öňünde tutýar.

Bu tapgyryň işlerine 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda badalga berildi. Dabaraly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdylar. Taslamanyň bu tapgyry ýurdumyzda gaz çykaryş kuwwatyny artdyrmaga, şeýle hem tehnologik hyzmatdaşlar üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Hytaý Halk Respublikasy türkmen tebigy gazynyň iň iri import edijisi bolmagynda galýar. Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen gününden bäri, şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Hytaýa iberilen türkmen gazynyň umumy möçberi 477 milliard kub metrden geçdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Gaz çykaryş we geçiriş möçberlerini artdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik işlerini sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ekologiýa taýdan jogapkärli çözgütleri durmuşa geçirmek bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.