Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan hem-de taryhyň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýar. Iki döwletiň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki netijeli syýasy dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.
Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli dialogy halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bu gün halkara gatnaşyklar ulgamynda möhüm orun eýeläp, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli mehanizm bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.
TDG-niň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Türki halklaryň ruhy mirasyny gorap saklamak, olaryň medeni däplerini giňden wagyz etmek, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň, ylmy we döredijilik jemgyýetçilikleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek guramanyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama medeni dialogy ilerletmek hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz uly şahsy goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäni jebisleşdirmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň giň goldawyna we ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň alyp barýan işi türki halklaryň köpasyrlyk däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Bu geňeşiň işine möhüm goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň paýhasy, aksakgallaryň baý durmuş tejribesi we abraýy ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ahlak ýörelgeleri gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeleýär.
TDG-niň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine türki döwletleriň mümkinçiliklerini birleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli başlangyçlary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
...Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýodajyk boýunça Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryna tarap ýöredi.
Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň başynda döwlet Baştutanymyzy Hormat garawulynyň serkerdesi garşylady hem-de hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz esgerlere “Merhaba, asker!” diýip ýüzlendi, esgerler bolsa, öz gezeginde, “Sag boluň!” diýip jogap berdiler.
Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.
Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan bu seýilgähde ýaş bag nahallarynyň oturdylmagy aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Soňra dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.

Şeýle çykyşlar we medeni çäreler doganlyk döwletleriň kuwwatly döredijilik mümkinçiligini hem-de ruhy baýlygyny aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi halklary has-da ýakynlaşdyrmaga, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýle hem umumy taryhy-medeni mirasy halkara giňişlikde wagyz etmäge ýardam berýär.
Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Döwlet Baştutanlary türki dilli döwletleriň milli ak öýlerini synladylar.
Bu ýerde türkmeniň ak öýi dikilip, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we milli aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Ak öý hemişe halkymyzyň myhmansöýerliginiň nyşany bolupdyr. Ak öýüň içinde türkmen halkynyň gündelik durmuşynda ulanan öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary we beýlekiler ýerleşdirilipdir.
Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly “küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda bu baý taryhy-medeni hazyna aýawly saklanylyp, yzygiderli baýlaşdyrylýar we halkara derejede giňden wagyz edilýär. Medeni mirasyň umumylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagy we mizemez doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň şerti bolup hyzmat edýär.
Ak öýüň ýanynda halkymyzyň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli oturdylypdyr. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, gözelligi we ýyndamlygy bilen halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.
Milli we dünýä medeniýetiniň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, ähli ulgamlardaky okgunly ösüşiniň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlaryny wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek üçin täze tapgyry açdy.

Adamzat durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanylan beýik sepgitlere hem-de wakalara baý bolan türki halklaryň köpasyrlyk ýyl ýazgysy dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda şöhle saçýan sahypalaryň biri bolup durýar. Ýewraziýanyň uç-gyraksyz giňişliklerinde ýaşan türki halklar müňýyllyklaryň dowamynda döredijilikli zähmete, ula hormat goýmaga hem-de tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga esaslanýan özboluşly durmuş ýörelgelerini kemala getiripdirler. Şonuň esasynda adamzat jemgyýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik döwletler döredildi.
Baý halk döredijiligi, şadessanlar we rowaýatlar, çuňňur filosofik şygyr eserleri türki dünýäniň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Watansöýüjiligi, edermenligi hem-de parahatçylyga ygrarlylygy wasp edýän ynsanperwer taglymlar nusgawy şahyrlaryň, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Bu baky gymmatlyklar häzirki wagtda ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemek üçin egsilmez çeşme bolup, türki dilli döwletleriň bu günki nesilleriniň arasynda ruhy gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Ýewrаziýanyň iň gadymy ruhy we maddy medeniýetiniň gözbaşynda duran türkmen halky asyrlaryň dowamynda türki dünýäsiniň umumy siwilizasion baýlygyna uly döredijilik goşandyny goşup gelýär. Geçmişiň görnükli alymlary, şahyrlary we ussatlary tarapyndan döredilen edebiýat, binagärlik we amaly-haşam sungatynyň naýbaşy eserleri milletimiziň berk ruhy sütünini emele getirip, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy. Türkmen topragynyň beýik nusgawy şahyrlary tarapyndan wasp edilen ynsanperwerlik ýörelgeleri parahatçylygyň, adalatlylygyň, dostlugyň we döredijiligiň belent taglymlaryny wagyz edip, ähli doganlyk halklaryň umumy baýlygyna öwrüldi.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary Türkiýäniň milli halk oýunlaryna tomaşa etdiler.
Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary “Malazgirt” çäreler merkezine bardylar.
Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi. Olarda bedew hemişe erkanalygyň, okgunlylygyň we wepadarlygyň nyşany bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek we atly sporty ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri atşynaslygyň iri merkezi bolup durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli atşynaslygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän däplerini gorap saklamak, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýär. Milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atly sportuň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen çapyksuwarlary şöhratly ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam edip, abraýly atly sport ýaryşlarynyň we daşary ýurtlarda geçirilýän köp sanly at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewlerine diňe bir ählihalk däl-de, eýsem, halkara söýginiň hem nyşanydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem meşhurdyr. Topar dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp boldy.
Çäräniň dowamynda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy dürli halklaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýän milli aýdym-sazlary öz içine aldy.
Umuman, türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi türki halklaryň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.