Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

view-icon 110
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işler we bu ýerde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlygyň guramaçylyk derejesi bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda gurlan täze şäher ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde ähli ugurlarda alnyp barylýan işler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

...Milli Liderimiz Arkadag şäherinde güýzki möwsümde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň taýýarlyk derejesi bilen tanşyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de her ýylda müňlerçe düýp bag nahalynyň ekilýändigini belledi. Şunda bag nahallarynyň ekiljek ýeriniň taýýarlyk derejesine, baglaryň görnüşlerine ylmy esasda çemeleşilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen baglanyşykly meseleleriň, şol sanda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz döwletimizde ekologik abadançylygy üpjün etmäge, tebigaty gorap saklamaga uly üns berilýändigini, giň tokaý zolaklarynyň döredilýändigini aýtdy.

“Bag durmuşyň, ýaşaýşyň bezegidir. Bag töwerege gözellik paýlaýar. Bag ekilen ýerler adam saglygyna, howanyň arassalygyna öz täsirini ýetirýär. Bag ekmek ene topraga bolan uly hormatdyr. Şoňa görä-de, bag ekmek ösüp gelýän ýaş nesillerimizde ene topraga yhlas etmegi, zähmete bolan beýik söýgini terbiýeleýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda mähriban halkymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirilýär. Şundan ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýz paslynda-da ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşarys” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi we türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri bag ekmegi, oňa ideg etmegi haýyrly hem-de sogap iş hasaplandygyny, ata-babalarymyzyň «Bagym bar, barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly pähimleriniň bag ekip ýetişdirmegiň wajyp ornuny görkezýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýakyn günlerde ýurdumyzda Hasyl toýunyň belleniljekdigini hem-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, şeýle asylly işe öz goşandyňy goşmagyň ata Watanymyza bolan beýik söýgüden nyşandygyna ünsi çekdi. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä, ählihalk bag nahallaryny ekmegiň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri ähli ugurlar boýunça ylmy tarapdan esaslandyrylan bolmalydyr. Munuň özi bu künjekde ýokary ozon gurşawynyň emele gelmegini üpjün eder.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiniň we çagalar bagynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Mekdebiň çäginde saýaly baglaryň köpçülikleýin ekilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu işlere ýaşlaryň hem işjeň çekilmegine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Munuň özi ýaş nesilleriň zähmete, sahawatly topraga söýgüsiniň artmagyny şertlendirer. Gahryman Arkadagymyz il içinde “Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,//Dünýä kitabynda onuň ady bar” diýlişi ýaly, sogap işe hemmeleriň goşandynyň bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mekdebiň we çagalar bagynyň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin ýer bölekleriniň bölünip berilýändigini aýtdy. Şunda toplumyň hünärmenleri, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bölünip berlen ýeri ylmy esasda öwrenmek, özleşdirmek we bu ýerde saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işleri geçirmelidirler. Aýratyn-da, bu ýerde dörediljek seýilgäh zolagynyň çäklerinde ýodalaryň çekilmegi çagalaryň arassa howada dynç almaklaryny üpjün eder. “Arassa howanyň, ýokary ekologik ýagdaýyň çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge oňyn täsiriniň bardygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi” diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Güýzki möwsümde Arkadag şäheriniň çäginde müňlerçe düýp bag nahaly ekiler. Şoňa görä, Milli Liderimiz ekilen baglara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini, baglaryň arasynyň arassaçylyk ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Munuň özi baglaryň ösüşini çaltlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň saýaly baglar bolup ýetişmegine-de ýardam berer.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda, ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde wajyp ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gözel tebigatymyzyň dag howasy bilen çölüniň, sährasynyň arasyndaky arabaglanyşygy belläp, ekologiýanyň bu özboluşly aýratynlygynyň utgaşmagy netijesinde ýakymly gurşawyň emele gelýändigine ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan, tokaý zolaklarynda alnyp barylýan işleri, saýaly baglaryň ösüş tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamak maksady bilen, sanly ulgamyň we emeli aňyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygy barada aýdyldy. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, bagy ekmek ýaly sogap işleriň netijesinde geljek nesillere saýa saljak tokaý zolaklary dörediler. Aýratyn-da, önümçilik toplumlary bilen durmuş maksatly binalaryň arasynda tokaý zolaklarynyň döredilmegi, dürli gülleriň ekilmegi möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bu ýere gelip, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek we bu künjek üçin ýaramly bag nahallaryny seçip almak babatda maslahatlaryny berendigi hem-de oba hojalyk toplumyna ýer bölekleriniň bölünip berlendigi üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem wise-premýer kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän önümçilik desgalarynyň ýagdaýy, Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz ikinji tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atlary şaýoluny döwrebaplaşdyrmak işlerini öz wagtynda tamamlamak, ýol ýakalarynyň bezeg işlerini häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirmek babatda maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol ýakalary düzgünleşdirilen tertibe laýyk derejede abadanlaşdyrylmalydyr. Munuň özi ýerine ýetirilýän işleriň depginini güýçlendirmek bilen bir hatarda, desgalary abadanlaşdyryş işleriniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegini hem üpjün eder.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygy barada aýtdy hem-de öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralaryna işjeň gatnaşar.

Hormatly Arkadagymyz şäheriň ähli çäklerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýola goýulmagynyň bu ýerde ýokary ekologik derejäniň saklanmagy bilen bir hatarda, şäher ilatynyň işjeňligine, ruhubelentligine-de oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi. Şunda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, oňa Arkadag şäheriniň ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şeýle-de Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl toýunda mynasyp wekilçilik etmegi ýola goýulmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäkleriniň arassaçylygy, ilatyň saglygy, ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny ösdürmek, ähli işleriň düzgünleşdirilen tertipde ýerine ýetirilmelidigi barada aýdyp, meýilleşdirilen çäreleri abraý bilen geçirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm orny eýeleýän Arkadag şäheriniň dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşi guwandyryjy ýagdaýdyr. Arkadag şäheriniň gazanýan üstünliklerinde “akylly” şäheriň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar.