Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Lu Ban ussahanasynda» 24-31-nji oktýabr aralygynda hytaý mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapaklary tamamlandy. Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilen sapaklara ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapaklarynyň esasy maksady mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan, Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» durnukly ösüşini üpjün etmekden, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň iş tejribesini öwrenmekden ybarat boldy. Şeýle hem bilim ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak sapaklaryň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň ýokary okuw mekdebinde hytaý kärdeşler tarapyndan okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» döretmek hakynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanda ilkinji «Lu Ban ussahanasynyň» Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda dabaraly açylyşy şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirildi.
Türkmen-hytaý bilelikdäki bu taslamasy çalt depginler bilen ösýän innowasion tehnologiýalaryň şertlerinde çuňňur bilimlere we ýokary hünär başarnyklaryna eýe bolan, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri, inženerleri taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.