Ï Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

view-icon 107
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etiýen Berhtolddan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýän ýurtlarymyz BMG-niň çäklerinde häzirki döwrüň möhüm ählumumy meseleleriniň çözülmegi ugrunda başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, birek-biregi ýakyndan goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň aprel aýynda Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Diplomata Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri halkara taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Etiýen Berhtold ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda depginli ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary dowam etdirmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Etiýen Berhtoldy Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny hem-de hormatyny gazanjakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Awstriýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, ýurduňyza bolsa gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Aleksandr Wan der Bellen,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.