Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 94
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi.

Ol şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň barşy, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýakynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, aýratyn-da, kanunçylyk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri we bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunlaryň, hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam etmegiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagyň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik hukuk tertibiniň, ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu ugurda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar — oktýabr aýlarynda degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň hem-de bu düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we oňa öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da netijeli dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň on aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda ministre anyk tabşyryklary berdi

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem serhetçileriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, düzüme öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli hukuk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek we bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük işini has-da kämilleşdirmegiň we düzümiň işine döwrebap usullary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda gullugyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa işini yzygiderli kämilleşdirmegiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň häzirki döwürde zerur talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.