Ï Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda logistika boýunça internet olimpiadasy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda logistika boýunça internet olimpiadasy geçiriler

view-icon 379
Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda logistika boýunça internet olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny logistika boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň (CICA) VII sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.

Internet olimpiadasy 20-nji noýabrda sagat 14:00-da geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinden hünärine we okuw ýylyna garamazdan, 5-den köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

Olimpiada gatnaşyjylara 120 minudyň dowamynda 30 sany test soragyna jogap bermek we 4 sany meseläni çözmek teklip ediler. Testiň her bir dogry jogaby 2 bal, dogry çözülen her bir mesele bolsa 10 bal bilen bahalandyrylar. Şeýlelikde, gazanyp boljak iň ýokary netije 100 bala deňdir.

Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdepleri guramaçylyk toparynyň garamagyna öz test soraglaryny we meselelerini hödürläp bilerler. Teklip edilýän ýumuşlar logistikanyň we logistiki modelirlemegiň dürli ugurlaryna degişli bolup biler. Anyk çözgüdi bilen taýýarlanan soraglar we meseleler olimpiadanyň geçiriljek gününden azyndan 10 gün öň guramaçylyk toparyna iberilmelidir.

Olimpiada gatnaşyjylarynyň hasaba alnyşy 15-nji noýabra çenli dowam eder. Olimpiada gatnaşmak isleýänler talyplar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlary olousolymp@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Olimpiada barada goşmaça maglumatlary ýokarda görkezilen elektron poçta salgysy, şeýle hem +993 63 762276 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.

Bu bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň ulag-logistika pudagy üçin öňde goýlan wezipeleri üstünlikli hem-de hünär derejesinde ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetiň depginli ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berer.

Olimpiadanyň esasy maksatlarynyň hatarynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek, ýaşlaryň logistika we sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak ukyplaryny ösdürmek, talyplaryň öňdebaryjy ylmy-tehniki tejribäni özleşdirmeklerini gazanmak, şeýle hem bu ugurlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bar.