Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi– 2026» («CIET 2026») atly halkara sergi we maslahat bolup geçdi. Forumyň iň ähmiýetli ýerleriniň biri-de Russiýanyň atom energiýasy boýunça döwlet korporasiýasy "ROSATOM"-yň sergisi boldy. Çäräniň dowamynda maslahatyň hormatly agzasy, "ROSATOM" DK-nyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Dmitriý Konstantinow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri baradaky garaýşyny beýan etdi.
Korporasiýanyň wekiliniň sözlerine görä, sergä gatnaşmagyň esasy maksady türkmen hyzmatdaşlaryny adaty atom energetikasyndaky we şoňa meňzeş ýokary tehnologiýaly pudaklardaky öňdebaryjy çözgütler bilen tanyşdyrmakdyr. Bu ýerde, hususan-da, ýadro lukmançylygy, goşundy tehnologiýalar we senagat hem raýat gurluşyklarynda giňden isleg bildirilýän döwrebap goşma serişdeler barada gürrüň gidýär.
D. Konstantinow bu pudagyň köpugurly häsiýetini nygtap, parahatçylyk maksatly atom energiýasynyň ösüşiniň ylmy barlaglar we hünärli işgärleri taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, wekilhananyň ýolbaşçysy işgär taýýarlamagyň atom energetikasynyň aýrylmaz bölegidigini belledi.
Synlamda görkezilen birleşdirilip bitewleşdirilen atom elektrik bekediniň şekili sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu taslama ýokary kuwwatly adaty AEB-ni we pes kuwwatly reaktor bloklaryny bir bitewi toplumda birleşdirýär.
«Pes kuwwatlylyk eýýäm häzirki zaman meýlidir, ony energiýa ulgamlary heniz o diýen uly bolmasa-da, atom energetikasyna tarap gadam goýmak isleýän ýurtlar saýlaýarlar, özi-de pes kuwwatly atom elektrik bekedi gowy başlangyçdyr. Bu bitewüleşdirilen ýerleşdirme kuwwatlylygyň çeýeligini üpjün edýär – pes kuwwatly bloklaryň hasabyna kompleks atom taslamasyny has çeýe etmäge mümkinçilik berýär» diýip, D. Konstantinow sözüni jemledi.
Forumyň dowamynda geçirilen duşuşyklar taraplaryň ylmy-tehniki gatnaşygy ösdürmäge we bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.