Ï «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara

view-icon 37

Hormatly halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Sizi «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu iri halkara medeni çärä gatnaşýan daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrjak şowly çykyşlary arzuw edýärin.

Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dostlukly ýurtlar bilen däbe öwrülen medeni hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär. Ählumumy parahatçylygyň dabaralanmagyna we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşýan iri halkara çäreler ýurdumyzda yzygiderli geçirilýär. Türkmenistan döwletimizde parahatçylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýörelgelerine esaslanýan medeni diplomatiýany ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Medeni diplomatiýa dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm binýadydyr. Türkmenistanda bäşinji gezek geçirilýän halkara teatr festiwaly medeni diplomatiýamyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Halkara teatr festiwallaryna dostlukly ýurtlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň yzygiderli gatnaşmagy özara medeni hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrýar. Halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde bolsa sungatyň ähli ugurlary bilen birlikde, teatr sungatyna hem uly orun degişlidir.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu halkara medeni çäre türkmen bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä ýüzünde belende göterilýän ýylynda özara medeni gatnaşyklarymyzyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Dostlukly ýurtlaryň teatr toparlaryny, režissýorlaryny, artistlerini, dramaturglaryny bir döredijilik giňişliginde jemleýän bu halkara teatr festiwaly halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da dabaralandyrýar. Bu özboluşly sungat baýramy ýaş nesilleriň teatr sungatyna söýgüsini artdyrmaga, dostlukly ýurtlaryň teatr sungatynyň ösüşleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam berer.

Gadyrly sungat ussatlary!

Häzirki döwürde Türkmenistanda teatr sungatyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň teatrlarynyň döredijilik toparlary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna yzygiderli gatnaşyp, abraýly baýraklara eýe bolýarlar. Medeni ulgamda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlyk teatr sungatynda gazanylýan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga we teatr artistleriniň, režissýorlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Teatrlaryň sahnasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynsanperwerligi ündeýän, milli gymmatlyklary wasp edýän sahna oýunlarynyň goýulmagy halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly myhmanlar!

Teatr sungaty gözelligiň sungatydyr. Ol ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, umumadamzat gymmatlyklaryny, dostlugy we gözelligi wasp edýär. Ynsan kalbynda gözellik döredip bilýän sungat hemişe sarpalydyr. Teatr sahnasy özboluşly dünýädir. Ol tomaşaçylarda hoşniýetli duýgulary oýarýar, ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýeleýär. Sahna oýunlaryna tomaşa edende, ynsanyň göwni ganatlanýar, watansöýüjiligi, ruhubelentligi ýokarlanýar.

Häzirki döwürde türkmen teatr sungaty özüniň taryhy köklerinden ugur alyp, döwrebap sahna diliniň we hünär ussatlygynyň täze belentliklerine galkynýar. Teatr sungatynyň ösüşi ynsanyň döredijilik dünýäsiniň çäksizdigini görkezýär. Teatr sungatynyň gazananlary umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri çeper taryp etmegiň kämil nusgasydyr.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň çäklerinde görkeziljek sahna eserleriniň sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokary derejede görkezjekdigine, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini we ýokary bahasyny gazanjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylar!

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we teatr sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.