Ï Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 8
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň çäginde ýagşyň ýagmagyna we howanyň temperaturasynyň peselmegine garaşylýar. Gijelerine ýurdumyzyň käbir welaýatlarynda howanyň temperaturasy 0 gradusdan aşak düşer.

Aşgabat şäherinde bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +9…+11 gradusdan +15…+17 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +3…+5 gradusdan +10…+12 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +8…+13 gradusdan +20…+25 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa 0…+5 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +11…+16 gradus maýyl, gijelerine +3…+8 gradusdan +7…+12 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka etraplarynda gijelerine howanyň temperaturasy +9…+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +9…+14 gradusdan +22…+27 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa –1…+4 gradusdan +12…+17 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +8…+13 gradusdan +21…+26 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa –2…+3 gradusdan +12…+17 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +4…+9 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa -4…+1 gradusdan +4…+9 gradusa çenli maýyl bolar.