Ï Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa onlaýn duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa onlaýn duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 32

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Enfildly Lord Wudyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meselelerine seretdiler hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Bu babatda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Royal Windsor Horse Show» atly halkara atçylyk-sport çäresine gatnaşmak maksady bilen 2026-njy ýylyň maýynda Beýik Britaniýa amala aşyran saparynyň we onuň dowamynda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň wajyplygyna üns çekildi. Bu babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň 2026-njy ýylyň fewralynda Beýik Britaniýa amala aşyran iş saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikler, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Bilim we medeniýet ulgamlary, şol sanda akademiki alyş-çalyşlary giňeltmek we degişli edaralaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Geňeşiň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Taraplar halkara gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we türkmen-britan hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.