Ï Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda elektrotehnika boýunça olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda elektrotehnika boýunça olimpiada geçiriler

view-icon 271
Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda elektrotehnika boýunça olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny elektrotehnika dersi boýunça geçiriljek olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 26-njy noýabrda garyşyk (gibrid) usulda özbaşdak görnüşde geçiriler.

Oňa dürli hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan gyzyklanma bildirýän talyplar çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden üçden köp bolmadyk talyplar gatnaşyp bilerler. Olar üçin 10 sany ýumuş taýýarlanylyp, olary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berilýär.

Talyplaryň gazanjak netijeleri toplan utuklarynyň jemine görä kesgitleniler. Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler 19-njy noýabra çenli gatnaşyjylar we olaryň jogapkär ýolbaşçysy hakyndaky maglumatlary guramaçylyk toparynyň tdbgielektrotehnika@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler. Ýüztutma resminamalaryny doldurmagyň we bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynyň «Täzelikler» bölüminde ýerleşdirilendir.

Goşmaça maglumatlary görkezilen elektron salgysy we şu telefon belgiler arkaly alyp bolar: +99362666932, +99312281829.

Elektrotehnika dersi boýunça olimpiada ukyply talyplary ýüze çykarmak, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, talyplaryň ylmy işlerini höweslendirmek, özbaşdak we giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmek maksady bilen guralýar.

Guramaçylar bäsleşige inženerçilik ylymlarynda ajaýyp bilimlerini görkezmäge we öz intellektual artykmaçlyklaryny subut etmäge taýýar bolan işjeň we zehinli talyplary çagyrýarlar.