Ï Türkmenistan howanyň durnuklylygyny we oňa uýgunlaşmagy üpjün etmek boýunça möhüm başlangyjy öňe sürdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan howanyň durnuklylygyny we oňa uýgunlaşmagy üpjün etmek boýunça möhüm başlangyjy öňe sürdi

view-icon 27
Türkmenistan howanyň durnuklylygyny we oňa uýgunlaşmagy üpjün etmek boýunça möhüm başlangyjy öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitiniň umumy mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen täze ählumumy teklipleri beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz halkara tagallalary howa bilen bagly meseleleri çözmek işinde jemlemäge möhüm ähmiýet berlip, howa meselesinde halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermekden ugur alnyp, Türkmenistan tarapyndan birnäçe başlangyjyň teklip edilýändigini aýtdy. Hususan-da, Türkmenistan 2028 – 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, bu başlangyç dünýä bileleşiginiň ünsüni döwletleriň howa bilen bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmak we serişdeleri ýurtlara hem-de sebitlere gönükdirmek boýunça anyk wezipeleri çözmek üçin jemlemäge mümkinçilik berer.