Ï Ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi

view-icon 14
Ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi

Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplaryny neşir etdi. Täze «Rus dili» okuw kitabyny O. Pirliýewa, W. Ahundowa, G. Hajymyradowa we O. Starowa taýýarladylar.

Bu neşir rus dilini okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň bu ugurdan nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga we amaly dil başarnyklaryny kämilleşdirmäge, dogry dilden hem-de ýazuw dilini ösdürmäge, şeýle hem rus diline we edebiýatyna bolan gyzyklanmany artdyrmaga gönükdirilen möhüm okuw-usuly serişdedir.

Okuw kitabynyň mazmuny alty sany mowzuklaýyn bölüme birleşdirilen 64 sapagy öz içine alýar. Okuw döwründe mekdep okuwçylary fonetika, leksika, morfologiýa, orfografiýa we sintaksis boýunça bilimlerini gaýtalarlar hem-de çuňlaşdyrarlar, sözlemleriň dürli görnüşleri we tekst düzmegiň aýratynlyklary bilen tanşarlar.

Çeper edebiýata, ruhy-ahlak gymmatlyklara, watançylyga, dostluga, dogduk mekana bolan söýgä, zähmete hormat goýmaga we geljekki hünäri saýlamaga aýratyn üns berlipdir.

Okuw kitabynda görnükli rus we türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirilip, bu bolsa okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de olary iki halkyň edebi mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam edýär.

Täze neşir Türkmenistanyň mekdepleriniň ýokary synplarynda rus dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmak we bilim bermek işini kämilleşdirmek üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Uçurym synplaryň okuwçylary üçin niýetlenen täze «Iňlis dili (ilkinji daşary ýurt dili)» okuw kitabyny R. Nazarow, G. Ataýewa, A. Gurbanowa, G. Baýjikowa we S. Çaryýarowa dagylar taýýarladylar.

Bu neşir bilim maksatnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi we esasy dil başarnyklaryny: diňläp düşünmegi, geplemegi, okamagy we ýazmagy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.

Okuw kitaby häzirki zaman autentik tekstleri, wajyp kommunikatiw ýagdaýlary we interaktiw ýumuşlary öz içine alýar. Ol okuwçylara grammatikany netijeli özleşdirmäge, sözlük goruny baýlaşdyrmaga, iňlis dilinde pikirlerini ynamly beýan etmäge hem-de alan bilimlerini hakyky aragatnaşykda we okuwda üstünlikli ulanmaga ýardam eder.

Mundan başga-da, täze neşir medeniýetara başarnygyny kemala getirmäge, okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge we dil biliminiň hilini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.